Arhiw

Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň mejlisi boldy

21:0731.07.2015
0
4345

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi boldy. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine birinji ýarym ýylda geçirilen işleriň jemini jemlemek, geljek üçin meýilnamalary kesgitlemek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Bellenilişi ýaly, hemişelik hereket edýän maslahat beriji  pudagara gurama bolup durýan bu topar tarapyndan türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga we onuň  hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen çäreleriň toplumy amala aşyryldy. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy bolmak bilen we esasy halkara konwensiýalaryny, şol sanda adam hukuklary babatdaky konwensiýalary tassyklap, bu möhüm resminamalaryň düzgünlerini ýerine ýetirmek boýunça anyk ädimleri ädýär. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça  toplumlaýyn hukuk özgertmeleriniň üstünlikli amala aşyrylmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Mejlisiň barşynda Adam hukuklary babatda hereketleriň milli meýilnamasynyň taslamasyna, şeýle hem kanunçylygy we bu ulgamda hukuk tejribesini kämilleşdirmek boýunça anyk ädimleri göz öňünde tutýan maksatnamalary işläp taýýarlamagyň usullaryna garaldy.

Mundan başga-da, mejlisiň gün tertibine Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörite Kararlary bilen tassyklanan  “Çaganyň irki ösüşi we ony mekdebe taýýarlamak boýunça 2011-2015-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Milli maksatnamasynyň” hem-de “Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri barada adyl kazyýetlik ulgamyny ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Baş maksatnamasynyň” durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan halkara guramalary, şol sanda BMG-niň Çagalar gaznasy – ÝUNISEF bilen bilelikde bu ulgamda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary nazara alnyp taýýarlanylan bu möhüm resminamalaryň kabul edilmegi türkmen döwletiniň öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Toparyň geljek döwür üçin meýilnamasynda milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu düzümleriň öňünde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen netijeli çäreleriň görülmegine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, halkara guramalary, ilkinji nobatda, BMG we onuň düzümleýin edaralary bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagyň zerurdygy bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň