TDY we DI ykdysatçy hünärmenleri taýýarlaýan okuw merkezi okuwa kabul edýändigini yglan edýär

0
694
0
0

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ykdysatçy hünärmenleri taýýarlaýan okuw merkezi 2015—2016-njy okuw ýyly üçin aşakdaky taýýarlyk ugurlary boýunça okuwa kabul edýändigini yglan edýär.

1. Buhgalter — 10 aý;

2. Bank işiniň operatory — 10 aý.

Ýaşlar üçin okuw merkezinde döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan okuw binalaryndan, ýöriteleşdirilen okuw otaglaryndan, Internet we lingafon otaglaryndan, döwrebap kitaphanadan, sport toplumyndan peýdalanmak mümkinçiligi dörediler.

Okuw merkezine Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsdeşlik esasynda kabul edilýär. Okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Resmi iş kagyzlary Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda 2015-nji ýylyň 26-njy awgustyna çenli kabul edilýär.

Salgymyz: Aşgabat şäheri, 1972-nji (Atatürk) köçäniň 73-nji jaýy, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ykdysatçy hünärmenleri taýýarlaýan okuw merkezi, tel: 48-62-47, 48-62-85.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru