Soňky habarlar

Arhiw

Awazadaky “Merdana” myhmanhanasy myhmanlary kabul etmäge taýýar

10:0831.07.2015
0
33543

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda 324 orunlyk 5 ýyldyzly “Merdana” myhmanhanasynyň açylyşyna taýýarlanylýar. Ony Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň buýurmasy boýunça “Rysgally zähmet” hususy kärhanasy gurdy.

Gurluşyk üçin bölünip berlen meýdan 60 müň kwadrat metre barabardyr. Onuň deň ýaryny diýen ýaly binalar, sport desgalary, howuzlar, kiçi binagärlik ülňüleri we beýlekiler eýeleýär. 12 gatly myhmanhananyň baş binasy ýedi müň kwadrat metre golaý meýdany tutýar. Mundan başga-da, onuň ýokarky tehniki gaty we kir ýuwulýan, ütük edilýän, ammar we ş.m. otaglary bolan ýerzemini bar.

Birinji gatda aýna mozaikalary granit düşelen ýerli giň hem ýagty foýede myhmanlaryň kabul edilýän ýeri we bar ýerleşýär. Ikinji gatyň derejesinde myhmanhananyň çep we sag gatlarynyň geçelgelerini birleşdirýän köprüjik geçýär. Iki sany ýolagçy liftli holl hem şol ýerde ýerleşip, ýene-de üç sany ýük lifti bar.

Binanyň birinji gatynyň sag ganatyny bejeriş-gimnastika hem-de sagaldyş-öňüni alyş terapiýasy otaglary, köpugurly SPA-salon we häzirki zaman trenažýorlardyr beýleki zerur enjamlar bilen üpjün edilen fitnes-zal eýeleýär. SPA-salonda suw bilen bejeriş geçmegiň häzirki zaman usullaryna laýyklykda, gündogar ajaýyplygy bilen haýran galdyrýan ýüzüş howzy, jakuzi, gapma-garşylykly duş, fin sawnasy, rus bug otagy, türk hammamy myhmanlaryň hyzmatynda.

Beýleki ganatda deňze bakyp duran 200 orunlyk göze gelüwli restoran we dabaralar zaly ýerleşýär.

Myhmanhanada ýokary amatlykly bir hem iki orunlyk otaglar, dört orunlyk maşgala otaglary, iki orunlyk “lýukslar”, şeýle hem “King Suite” derejeli ýörite otaglar bar. Bu ýerde eýýäm myhmanlary kabul etmäge ähli zat taýýar. Aýratynlykda iki gatly medeni-dynç alyş merkezi hem guruldy.

Myhmanhananyň ikinji gaty oýun awtomatlary, bouling, bilýard we stol tennisi zallary üçin bölünip berlipdir. 150 orunlyk restoran we üsti açyk kafe hem şol ýerde ýerleşýär.

Myhmanhana toplumynyň içinde köp sanly tomusky dabaralar we ap-ak telärler oturdylypdyr. Olardaky fito-barlarda, palatkalarda dynç alýanlara sowuk içgiler, buzgaýmaklar, miweler we konditer önümleri hödürlener. Söwda nokatlary ulular hem çagalar üçin suw depejikleri bolan ýüzüş howuzlarynyň golaýynda ýerleşdirilipdir. Oýun meýdançalary, ýuşmak oturgyçly hiňňildikler hem hut şol ýerlerde oturdylypdyr. Iki tennis korty we woleýboldyr basketbol hem oýnap bolýan kiçi futbol meýdançasy-da doly taýýar edilipdir.

Dürli öwüşginli yşykly özboluşly ýapgyt-basgançak şekilli suw çüwdürimini gurmak işleri dowam etdirilýär. Bir-birine simmetrik ýagdaýda hersi 44 orunlyk iki awtoduralga ýerleşýär. Olaryň arasyny telärli, gök otly, gülhanaly, üýtgeşik gyrymsy agaçly we dürli görnüşli daragtly iki sany dynç alyş-seýilgäh zolagy bölýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň