Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

0
1207
42
4

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga, halkara we sebit syýasatynyň käbir meseleleri boýunça pikir alyşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Işjeň we oňyn ýagdaýda geçen söhbetdeşligiň çäklerinde deňhukuklylyk, özara ynanyşmak we hormat goýmak ýörelgelerinde guralýan hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna ýardam berjek ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyny ara alyp maslahatlaşmaga ilkinji derejeli üns berildi.

Söhbetdeşler söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, şähergurluşyk, obasenagat toplumyny we beýleki pudaklary hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetli  ugurlary hökmünde görkezdiler. Şeýle hem ynsanperwer ulgamda, hususan-da, ylym, bilim, medeniýet, sport we syýahatçylyk  ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigi bellenildi, bu ugurlary ösdürmek iki döwletiň Liderleriniň durmuşa geçirýän syýasatynyň hem ileri tutulýan ugurlarydyr.

Iki döwletiň Baştutanlary üstünlikli amala aşyrylan bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi bilen berkidilen geljekki netijeli hyzmatdaşlyga gyzyklanmalary tassyklap, ýokary we hökümet derejesinde yzygiderli geçirilýän gepleşikleriň türkmen-rus gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Taraplar halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän meselelerine degip geçmek bilen, umumydünýä wakalarynyň oňyn häsiýete eýe bolmagyna hemmetaraplaýyn ýardam bermekde, hususan-da, dünýä syýasatynyň esasy meseleleri boýunça giň halkara gatnaşyklaryny ýola goýmak we parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de ählumumy howpsuzlygyň berk binýadyny kemala getirmekde Türkmenistanyň we Russiýanyň garaýyşlarynyň ýakyndygyny tassykladylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekde hem ösdüriljekdigine ynam bildirip, iki dostlukly ýurduň halklaryna bagt, gülläp ösüş hem-de abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik rus tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru