ÝHHG Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna harby abzallary we enjamlary sowgat berdi

21:1930.07.2015
0
6604

Şu gün Aşgabatda Serhet gullugynyň binasynda ÝHHG-niň Merkezi Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna 167 müň ýewrolyk heläkçilik howpy bolmadyk harby abzallary we enjamlary sowgat berdi.

“Bu abzallaryň we enjamlaryň Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýurduň serhedini goramakda bikanun serhet bozulmalaryň, ýa-da goňşy döwletlerdäki durnuksyz ýagdaý sebäpli dörejek howp-hatarlaryň öňüni almakdaky mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga we kuwwatyny artdyrmaga ýardam etjekdigine ynanýarys” — diýip, ilçi, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň baştutany Iwe Petrow aýtdy.

Bu taslama, şeýle hem Owganystan bilen serhetdäki Ymamnazar serhet geçelgesinde türkmen serhetçileri üçin dowamly iki türgenleşik okuwlaryny hem öz içine alýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň