Türkmenabatda 836 orunlyk täze köpugurly hassahana gurlar

09:0230.07.2015
0
8349

“Nahal” hojalyk jemgyýeti Lebap welaýatynyň häkimliginiň buýurmasy boýunça Türkmenabatda 836 orunlyk täze köpugurly hassahanany gurar. Potratçy hassahanany lukmançylyk enjamlary bilen üpjün eder, inžener-kommunikasiýa düzümini geçirer we ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrar.

Gurluşyk işleri 2015-nji ýylyň awgustynda başlanar. Desgany 2017-nji ýylyň dekabrynda doly taýýar edip, ulanyşa tabşyrmak bellenilýär.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyna degişli onlarça desga gurlup, ulanylmaga berildi. Şol sanda Lebap welaýatynda bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň 20-den gowragy işe girizildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň