Soňky habarlar

Arhiw

«Sport temasyndan iň gowy surat» atly bäsleşiň jemi jemlendi

10:0929.07.2015
0
2869

«Türkmenportal» internet saýty özüniň «Line» sosiýal-aragatnaşyk ulgamyndaky «Sport Türkmenportal» resmi akkauntynda «Sport temasyndan iň gowy surat» atly bäsleşiň jemini jemledi.

Bäsleşigiň esasy maksady ildeşlerimiziň, esasan hem ýaşlaryň arasynda sporta bolan söýgini güýçlendirmekde we halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, Türkmenistanyň sport abraýyna şahsy goşant goşýan türgenlerimiz bilen has ýakyndan tanyşdyrmakdan ybaratdyr.

Bäsleşik «Line» sosial-aragatnaşyk ulgamyny ulanyjylaryň arasynda erkin görnüşde geçirilip, ýaryşa gatnaşyjylardan sport bilen baglanyşykly öz suratyny ýollamak we şol surata bir gysga teswir ýazmak talap edildi. Şeýlelikde, bäsleşige gatnaşmaga 82 adam isleg bildirdi. Olaryň arasynda daşary ýurtlarda okaýan, işleýän ildeşlerimiz hem, belli türgenlerimiz hem, ýönekeý sport janköýerleri hem bar.

Bäsleşik üçin suratlar 24-nji iýul güni sagat 16:00-a çenli kabul edildi. Şol gün ýaryşa gatnaşyjylaryň suratlary «Sport Türkmenportal» resmi akkuntynyň baş sahypasynda we «Türkmenportalyň» wkontakdaky we odnoklassnikdäki sahypalarynda ýerleşdirildi. Şeýlelikde, bäsleşige gatnaşyjylaryň sesleri sanalanda ähli sosial-aragatnaşyk ulgamlarynda berlen sesler hasaba alyndy.

Ähli berlen sesler 28-nji iýul güni sagat 22:00-dan soň sanaldy we aşakdaky netije alyndy.

Şeýlelikde, bäsleşigiň ýeňijileri:

1) #18 Şaripow Süleýman – LINE: 784,  VK: 2,  OK: 0, JEMI: 786

2) #55 Azat - LINE:650, VK:2, OK:1, JEMI:653

3) #75 Merdan myradow - LINE:399, VK:2, OK:1, JEMI:402   

4) #81 Didar Ataýew - LINE: 150, VK: 234, OK: 5, JEMI: 384 

5) #73 Nurjykow Mekan - LINE:190, VK:26, OK:2, JEMI: 218

 

Bäsleşigiň ýeňijileri aşakdaky pul baýraklary bilen sylaglandyryldy:

1-nji ýer: 180 manat
2-nji ýer: 130 manat
3-nji ýer: 100 manat
4-nji ýer: 70 manat
5-nji ýer :50 manat

Bulardan başga-da, «Sport Türkmenportal» resmi akkauntynyň işewür topary tarapyndan 49-njy belgide ýaryşa gatnaşan, halkara ýaryşlaryň ençemesiniň ýeňijisi, belli türgen Gaýgysyz Atabaýew goşmaça höweslendiriji baýrak bilen sylaglandyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň