Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň parlamentarileri kanunçylyk tejribesini ara alyp maslahatlaşýarlar

20:2128.07.2015
0
3221

Şu gün Aşgabatda ÝHHG-niň guramagynda kanun taslamalarynyň maddalaýyn derňewi boýunça üç günlik okuwlar başlandy. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky milli institutynyň hünärmenleri kanun taslamalarynyň taýýarlanyşynyň esasy ugurlary bilen tanşarlar. Halkara bilermeni kanun taslamalarynyň we beýleki gatnaşyjy döwletleriň öňdebaryjy tejribesiniň derňewiniň häzirki zaman usullaryny beýan etdi.

“Parlamentarileriň öňünde möhüm wezipe durýar, ol, hususan-da, halkara hukugynyň ülňülerine laýyklykda milli kanunlary işläp taýýarlamakdan ybaratdyr, şunda kanun taslamalaryny taýýarlamagyň netijeli häzirki zaman usullary peýdalanylmalydyr — diýip, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň baştutany, ilçi Iwo Petrow aýtdy. — Öňdebaryjy kanunçylyk tejribesiniň yzygiderli alşylmagy hukuk özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmak üçin möhümdir.  Munuň özi Türkmenistanyň hem ileri tutýan wezipeleriniň biri bolup durýar we ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi bu ugurda ýardam bermegini dowam etdirer”.

Okuwlara gatnaşyjylar kanunçylyk prosesiniň ähli tapgyrynda parlament bilen hökümetiň hyzmatdaşlygynyň we özara ylalaşykly hereket etmeginiň wajyp ornuny ara alyp maslahatlaşarlar. Şeýle hem olar bölümçeleriň işine gatnaşyp, kanunyň dürli bölekleriniň mysalynda derňew geçirerler we halkara bilermenleridir öz kärdeşleri bilen olaryň netijelerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň