Soňky habarlar

Arhiw

Warşawada Türkmenistan bilen Polşa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

10:5628.07.2015
0
2360

Türkmenistanyň we Polşa Respublikasynyň daşary işler ministrlikleriniň Warşawada geçirilen syýasy maslahatlaşmalaryň barşynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny giňeltmek babatda pikir alyşdylar, şeýle hem konsullyk meseleleri ulgamyna degişli meselelere degip geçildi. Taraplaryň iki ýurduň bazarlarynda özara bolmagyny giňeltmäge, iki ýurduň kompaniýalarynyň gatnaşmagynda işewürlik maslahatynyň geçirilmegini we işewür taraplaryň wekilleriniň saparlaryny guramaga ymtylýandygy barada pikirler aýdyldy.

Taraplar iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky syýasy maslahatlaşmalara hökümetara gatnaşyklarynyň möhüm düzüm bölegi hökmünde garaýandyklaryny aýtdylar. Duşuşygyň ahyrynda taraplar ýola goýlan gatnaşyklaryň özara bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrylmagyndaky möhüm ähmiýetini bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň