Tebigaty aýawly saklamak – mukaddes borç

0
1303
2
0

Eziz Watanymyzyň tebigy baýlygyny we gözelligini aýawly saklamak, ony geljek nesillerimize ýetirmek – hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Tebigaty goramagyň milli maksatnamasy ykdysady, durmuş we ekologiýa ulgamlarynda goýlan wezipeleriň toplumlaýyn çözülmegine esaslanýar, bu bolsa adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şerti bolup durýar.      

 «Nebit-gaz» gazetiniň habarçysy Türkmenistanyň Tebigatyny  goramak baradaky  jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň başlygy Öwlüýäguly GURBANOW bilen söhbetdeş boldy.

- Tebigaty  goramak baradaky jemgyýetiň Balkan welaýatynda alyp barýan işleri barada gürrüň beräýseňiz.

- Tebigat adam üçin nämäni aňladýar? Bu – biziň dem alýan howamyz, içýän suwumyz, hasyl alýan topragymyz... Ol biziň saglygymyzyň we maddy durmuşymyzyň çeşmesidir, çünki adam tebigy serişdelerden – nebitden, gazdan, minerallardan we beýlekilerden durmuş üçin zerur bolan zatlaryny öndürýär, jaý gurýar, egin-eşik, döwrebap tehnikalary öndürýär… Her bir adam bir hakykata düşünmeli, tebigat – bu DURMUŞYŇ özüdir. Tebigaty goramak, ol barada alada etmek gerek. Biziň Jemgyýetimiziň esasy wezipesi – ilata we ilkinji nobatda ýaşlara ekologiýa babatda  aň-bilim bermek bolup durýar.

Ekologiýa meseleleri, daşky gurşawy ýaramaz tehniki täsirlerden goramak bu gün tutuş dünýäde möhüm meseleleriň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meselä uly üns berýär. Türkmenistan BMG-niň tebigaty goramak baradaky esasy konwensiýalaryny tassyklady. BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Dünýäniň Ekologiýa Gaznasy hem-de beýleki abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde milli we sebit derejelerinde ekologiýa maksatnamalarynyň we taslamalarynyň onlarçasy amala aşyrylýar.   

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda, şeýle hem şu ýyl Ýaponiýada geçirilen BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça III Bütindünýä maslahatynda we Koreýa Respublikasynda geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda beýan eden netijeli başlangyçlary dünýä bileleşiginiň goldawyna eýe boldy. Olaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly bolan tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Araly halas etmek boýunça ýörite Maksatnamasyny we BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak, şeýle hem Hazar deňzinde ekologiýa we tehnogen howpsuzlygyny üpjün etmek üçin hyzmatdaşlygyň köptaraplaýyn usullaryny döretmek hakynda teklipler bar.  

Şeýle başlangyçlary öňe sürmek bilen ýurdumyzyň olary iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça anyk çäreleri görýändigini bellemek gerek. Halkara kadalaryna laýyk gelýän “Tebigaty goramak hakynda”, “Aýratyn goralýan çäkler hakynda”, “Ozon gatlagyny goramak hakynda”, “Tokaý kodeksi”, “Balykçylyk we suw biologik serişdelerini goramak hakynda”, “Ösümlik dünýäsi hakynda”, “Haýwanat dünýäsi hakynda” we beýleki kanunlar kabul edildi. “Howanyň üýtgemegi boýunça milli maksatnama” we “Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasy” tapgyrlaýyn amala aşyrylýar.   

Suw, ýer we biologik serişdelerini netijeli peýdalanmak, biologik köpdürliligi we tebigy landşaftlary goramak, çölleşmä we tokaýlaryň ýitmegine garşy göreşmek babatda uly işler geçirilýär.

Türkmenistanda eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, işiň ekologik taýdan howply görnüşlerini amala aşyrýan edaralar, kärhanalar, guramalar, şol sanda daşary ýurt edara görnüşli taraplar, olaryň şahamçalary, wekilhanalary, şeýle hem edara görnüşli tarapy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan şahsy taraplar üçin hökmany ekologik ätiýaçlandyrmasy girizildi.  

Ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatynyň artmagy ekologik abadançylygyny goramaga hemmetaraplaýyn ýardam edýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda innowasion, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar, howanyň arassalygyna, gurulýan zawodlaryň we fabrikleriň, beýleki desgalaryň ekologik standartlaryna we talaplaryna laýyklygyna gözegçiligiň netijeliligini artdyrmak maksadynda çäreler görülýär. Olar daşky gurşaw üçin howpsuzlygy babatda hökmany tertipde degişli seljermeden geçýärler.  

- Tebigaty goraýan jemgyýet ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalary bilen nähili özara hereket edýär?

- Mälim bolşy ýaly, Balkan welaýaty nebit ülkesi hasaplanýar.   Bu ýerde bar bolan senagat kärhanalarynyň agramly bölegi nebitgaz pudagynyň kärhanalary bolup durýar. Häzir 40 müňe golaý adam Tebigaty goramak jemgyýetiniň agzasy bolup, olaryň 20 müňe golaýy nebitgaz senagatynda zähmet çekýär. Häzir biz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň işgärlerini Jemgyýete kabul etmek boýunça resminamalary resmileşdirýäris. 

Tebigaty goramak baradaky jemgyýetiň adamlary meýletin esasda birleşdirýän gurama bolup durýandygyny bellemek gerek. Jemgyýetiň agzalary agzalyk tölegini – bir ýylda 10 manat töleýärler. Biz bu serişdeleri dürli tebigaty goraýyş, ekologik çärelerini geçirmek üçin ulanýarys. Mysal üçin, kärhanalaryň, okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň çäklerinde, köçeleriň ugrunda, seýilgählerde, seýil baglarynda köpçülikleýin bag oturtmak boýunça ýowarlary geçirmek indi ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Biziň Jemgyýetimiz bu maksatlar üçin agaç nahallaryny we gyrymsy agaçlary muzdsuz, haýyr-sahawat esasynda bölüp berýär, biz olary öz nahalhanamyzda ösdürip ýetişdirýäris. Ol Balkanabadyň GES-niň ýanynda ýerleşýär. Mysal üçin şu ýylyň baharynda biz tuýa, sosna hem-de beýleki tokaý we bezeg agaçlarynyň 20 müňe golaý düýbüni oturtmak üçin berdik.

Balkan welaýatynyň Tebigaty goramak müdirligi, Hazar döwlet goraghanasy we tebigaty goraýan beýleki edaralar bilen hyzmatdaşlyk etmek bilen, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň hünärmenleri tebigaty goramak baradaky kanunlaryň berjaý edilmegine gözegçilik edýärler, tebigat bilen bagly maglumat beriji kitapçalary, bukletleri we we plakatlary neşir edýärler, maslahatlary, seminarlary we beýleki çäreleri geçirýärler, senagat kärhanalarynda, orta, ýokary okuw mekdeplerinde we beýleki edaralarda leksiýalar bilen çykyş edýärler. Ekologiýa meselelerine bagyşlanan dürli meseleler ýaşlaryň arasynda aýratyn meşhurlyga eýedir.    

Türkmenistanyň goşulan BMG-niň halkara ekologiýa konwensiýalarynyň hatarynda Orhus konwensiýasyna möhüm orun degişlidir. Bu Konwensiýa her bir adamyň sagdyn daşky gurşawa bolan hukugyny ykrar edýär, şeýle hem ony goramak boýunça borçlaryny kesgitleýär. Ol üç sany esasy bölekden ybarat bolup, jemgyýetiň ekologik maglumatlaryna elýeterliligi, jemgyýetiň daşky gurşawa degişli meseleler boýunça çözgütleri kabul etmek işine gatnaşmagy we adyl kazyýetlilige mümkinçilik ýaly meseleleri gurşap alýar.    

Aşgabatda we ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk baradaky guramanyň goldaw bermeginde ýörite Orhus merkezleri döredildi. Günbatar welaýatda Internete çykylýan meýdançasy bolan şeýle maglumat merkezi Türkmenbaşy şäherinde açyldy. Merkeziň işinde döwletiň tebigaty goramak syýasatyny giňden wagyz etmäge uly üns berilýär.  Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar deňziniň – baý tebigy serişdelerine eýe bolan, şonuň bilen birlikde aýawly çemeleşmäni talap edýän dürli görnüşli ösümlik we haýwanat dünýäsi bolan täsin suw howdanynyň ekologik abadançylygyny gorap saklamagy onuň möhüm ugry hökmünde kesgitledi. 

Häzir Hazar deňziniň türkmen bölegi ekologik taýdan örän arassa hasaplanýar, munuň özi bu ugurda yzygiderli we maksadalaýyk geçiriýän işler bilen düşündirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazaryň kenarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmek başlangyjy munuň aýdyň mysaly bolup, bu zolagy  iri halkara syýahatçylyk merkezine öwürer.  Deňiz ýakasynda bina edilýän ähli desgalaryň daşky gurşaw üçin howpsuzlygyň talaplaryna hökmany laýyk gelmegi onuň esasy düzgünleriniň biri bolup durýar.  Deňiz şypahanasynyň bagy-bossanlyga bürelmegine, bu ýerde seýilgähleriň we seýilbaglaryň döredilmegine aýratyn üns berilýär.     

- Beren gürrüňleriňiz üçin sag boluň, işiňizde üstünlikleri arzuw edýäris.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru