Soňky habarlar

Arhiw

Hünärmenleri taýýarlamagyň täze ugurlary: “Opera sungaty”

23:1327.07.2015
0
2033

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 9-njy iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde täze hünärleriň sekizisi boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň meýilnamalaryny tassyklady.

Türkmen milli konserwatoriýasynda 2015-2016-njy okuw ýylynda täze —  “Opera sungaty” hünäri boýunça hünärmenler taýýarlanylyp başlanar.

Türkmen milli konserwatoriýasynda “Opera sungaty” ugrunyň emele gelmegi bilen ýaş zehinleriň mümkinçiliklerini açmaklary, döredijilik babatda ösüşi üçin giň mümkinçilikleri emele getirdi. Şunuň bilen baglylykda, ýaş alymlaryň we talyplaryň arasynda ýurdumyzda her ýylda geçirilýän ylmy işleriň bäsleşiginiň jemleri boýunça bu ýokary okuw mekdebiniň wekiliniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli opera sungaty mekdebiniň dikeldilmegine bagyşlanan işiniň baýrakly orna düşendigi begençli wakadyr.

Şu günler geljekki opera ýyldyzlary üçin jogapkärçilikli döwür başlandy. Häzir täze ugur boýunça bilim aljak dalaşgärleriň içinden has zehinlilerini seçip almaga ýardam berýän döredijilik bäsleşigine, giriş synaglaryna taýýarlyk işleri gyzgalaňly barýar. Türkmenistanda opera artistlerini hünär taýdan taýýarlamagyň milli opera sungatynyň ösmegini, onuň ýokary dünýä derejesine çykmagynyň üpjün etjekdigi gürrüňsizdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň