Soňky habarlar

Arhiw

“Türkmenistanyň salgyt ulgamy” žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

22:5627.07.2015
0
10013

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda türkmen, rus we iňlis dillerinde çärýekde bir gezek neşir edilýän  “Türkmenistanyň salgyt ulgamy” atly maglumat-analitik  žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

Žurnalyň täze sany salgyt kanunçylygynyň hukuk kadalaryny düzgünleşdirýän şol kanunçylyk namasy bilen açylýar. Salgyt kodeksiniň käbir maddalary rejelenen görnüşde beýan edildi ýa-da täze bölümler bilen üsti ýetirildi. Hususan-da, salgydy tölemek boýunça borçlary ýerine ýetirmek nobatlylygyna degişli (44-nji madda), salgyt töleýjiniň serişdelerini tölemegiň tertibiniň bozulmagy üçin maliýe sanksiýalary (94-nji madda) bilen bagly düzgünlere üýtgetmeler girizildi.

Ady agzalan Kanuna laýyklykda, ýerasty baýlyklaryň ulanylmagy üçin salgyt töleýjiler hakynda 129-njy maddanyň birinji bölegi rejelenen görnüşde beýan edildi. Girdejä salgydyň bellenilmegini kesgitleýän 172-nji maddanyň birinji böleginiň ikinji bendinde hem özgerişlik bolup geçdi. Edara görnüşli taraplaryň girdejisine  salynýan salgydyň mukdaryny kesgitleýän 174-nji maddanyň ikinji bölegi hem üýtgeşmä sezewar boldy.

Žurnalda ýerleşdirilen   "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmekde döwlet kepillikleri”  atly "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň subýektleri üçin goşulan baha we girdejä, emläge salynýan salgyt boýunça ýeňillikleri kesgitlemegiň meselelerini gozgaýan Salgyt kodeksiniň düzgünleri beýan edildi. Makalada daşary ýurt maýasyny çekmek maksadynda bu kanunçylyk namasyna, ozaly bilen ýurdumyzda girdeji alýan Türkmenistanyň rezident däl-edara görnüşli taraplaryna salgyt salmagyň aýratynlyklary hakynda madda girizilen goşundylary aýdyňlaşdyrýar.

Däbe öwrülen “Düşündirişler” rubrikasynda Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň hem-de degişli ministrlikleriň salgyt salmagyň dürli meseleleri boýunça düşündirmeleri çap edildi.

Mysal üçin, makalalaryň biri salgyt töleýjileriň, hususan-da, Türkmenistanda şahamçalary we wekilhanalary hasaba alnan daşary ýurtly edara görnüşli taraplaryň borçlaryny, şeýle hem hasaba almagyň tertibini düşündirýär.

Şu meselä bagyşlanan ikinji makala daşary ýurt puly bilen amallar boýunça hümmet tapawudy babatda Salgyt kodeksiniň düzgünlerini ulanmak meselesine bagyşlandy. Bu mesele iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda Ylalaşyklaryň düzgünlerini nazara almak bilen gozgalýar.

Şunuň bilen baglylykda, Salgyt kodeksiniň birnäçe maddalaryny “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda kömekçi potratçylar hökmünde iş alyp barýan adamlar babatda ulanmak hakynda gürrüň berýän makalanyň bardygyny bellemek gerek.

Neşir “Sorag-jogap” diýen rubrika bilen jemlenýär. Okyjylar bu bölümde adam saglygyny goramak üçin niýetlenen desgalar gurlanda beton önümlerini öndürmek we gurluşyk meýdançasyna daşamak üçin buýrujy bilen şertnama baglaşylanda goşulan baha üçin salgyt tölenilýärmi,  hususy mellek ýerinde ýa-da şahsy hojalykda ýetişdirilen oba hojalyk önümleri ýerlenilende girdeji salgydy tölenilýärmi diýen ýaly meseleler, şeýle hem salgyt özenine girmeýän girdejiler we beýlekiler barada doly maglumat alyp bilerler.

Häzirki wagtda žurnalyň nobatdaky sanyny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Onda salgyt tölemegiň ýeňillikli ulgamy we patent tölegi bolan hususy telekeçileriň ýerine ýetirýän işleriniň görnüşleriniň sanawy çap ediler. Bu resminama Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Hususy telekeçilere salgyt salmagyň ýeňillikli ulgamyny kämilleşdirmek hakynda” Karary bilen  şu ýylyň 27-nji iýunynda tassyklanyldy we 1-nji iýuldan güýje girdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň