Ermenistanyň premýer-ministri Türkmenistanyň wezipä täze bellenilen ilçisini kabul etdi

12:2426.07.2015
0
2312

24-nji iýulda Ermenistanyň premýer-ministri Owik Abramýan Türkmenistanyň Ermenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy kabul etdi.

Ermenistanyň NEWS.am habarlarynda, Ermenistanyň Hökümetiniň metbugat gullugynda habar berlişi ýaly, Owik Abramýan Muhammetnyýaz Maşalowy wezipä girişmegi bilen gutlap, oňa diplomatik işde üstünlikler arzuw etdi. Premýer-ministr ermeni-türkmen gatnaşyklarynyň häzirki derejesine ýokary baha berdi we ilçiniň dürli ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we çuňlaşdyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Ilçi Muhammetnyýaz Maşalow Ermenistanyň premýer-ministrine kabul edişlik üçin minnetdarlyk bildirip, bu wezipede işlejek döwründe dürli ulgamlardaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin yhlasyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. Söhbetdeşler ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, bar bolan mümkinçiliklerden doly derejede peýdalanmagyň möhümdigini belläp, şunuň bilen baglylykda Hökümetara toparynyň işiniň uly ähmiýete eýedigine ünsi çekdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň