Soňky habarlar

Arhiw

2015/2016-njy okuw ýyly üçin Halkara türkmen-türk uniwersiteti talyplyga dalaşgärleriň resminamalaryny kabul edip başlady

10:2324.07.2015
0
27381

HALKARA TÜRKMEN-TÜRK  UNIWERSITETI

2015/2016-njy okuw ýyly üçin bakalawrlary taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary boýunça  talyplyga kabul edýändigini yglan edýär

Taýýarlygyň ugurlary: iňlis dili we edebiýaty; iňlis dili (terjimeçi); türk dili we edebiýaty; türkmen dili we edebiýaty; matematika; fizika; taryh; biologiýa; material we nanotehnologiýa; himiýa; awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň we kompýuter tehnikasynyň programma üpjünçiligi; maglumatlary goramagyň guralyşy we tehnologiýasy; informatika we informasion-kommunikasion tehnologiýalary mugallymy; tikin önümleriniň modelirlenişi we gurnalyşy; halkara gatnaşyklary we diplomatiýa; halkara hukugy; täjirçilik; dünýä maliýe bazary; senagat inženerligi; statistika; binagärlik gurşawynyň bezegi.

Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş testleriniň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2015-nji ýylyň 11-27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

- bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

- umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

- 3x4 möçberde alty sany fotosurat;

- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

- giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

- şahsy pasportyny;

- Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş testleri we okuwa kabul edilmek 2015-nji ýylyň 30-njy iýulyndan 12-nji awgusty aralygynda Halkara türkmen-türk uniwersitetinde (Aşgabat ş.) geçirilýär.

Dersler boýunça giriş testleri Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Degişli diller boýunça geçirilýän dil derslerinden we döwlet dilinde geçirilýän jemgyýeti öwreniş dersinden başga ähli dersler boýunça giriş testleri türkmen we iňlis dillerinde geçirilýär.

Giriş testleriniň tertibinde bellenilen wagtda test synagyna gelmedikler uniwersitete kabul edilmegiň soňky tapgyrlaryna goýberilmeýär.

Giriş testleriniň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

- saýlan ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

- harby gullugy tamamlap gelenler.

Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., 2009-njy köçe, 84; tel. 90-84-06, 90-84-26, 90-74-98, 90-84-49.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň