Türkmen futbol toparlary Türkiýede okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynda ýoldaşlyk duşuşyklarynyň birnäçesini geçirdiler

0
930
1
0

Milli çempionatyň ikinji ýarymyna taýýarlygyň çäklerinde Türkiýede okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynda bolýan türkmen toparlary ýoldaşlyk duşuşyklarynyň birnäçesini geçirdiler.

“Merwiň” futbolçylary Gardepe şäherindäki sport bazasynda bolýarlar. Ilkinji duşuşykda Eýranyň “Padideh” klubundan 1:4 hasabynda ýeňileninden soň (türkmen toparyndan Yhlas Pälwanow tapawutlandy), Rahmanguly Baýlyýewiň şägirtleri Türkiýäniň 4-nji ligasynyň “Soltanbeýlispor” toparyndan üstün çykdylar — 1:0. Ýeňiş pökgüsini Türkmenbaşynyň “Şagadamyndan” dolanyp gelen Tirkiş Muhammetberdiýew geçirdi.

Türkmenistanyň wise-çempiony we Kubogynyň eýesi “Ahal” öz ilkinji ýoldaşlyk duşuşygynda Afýon-Garahisarda Türkiýäniň 1-nji ligasynyň “Giresunspor” topara garşy geçirdi. Netijede Guwançmuhammet Öwekowyň şägirtleri 2:7 hasabynda ýeňlişe sezewar boldular.

Ýurdumyzyň çempiony “Altyn asyr” hem Türkiýede ilkinji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Onuň garşydaşy Eýranyň iň belli toparlarynyň biri — “Persepolis” boldy. 1963-nji ýylyň dekabrynda esaslandyrylan bu topar Eýranyň Pro-ligasynda yzygiderli çykyş edip gelýär. Geçen möwsümde ol bu ýurduň çempionatynda 2-nji orny eýeledi.

Duşuşygyň birinji ýarymy “Persepolisiň” peýdasyna tamamlandy — 3:0. Arakesmeden soň, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri ýene iki pökgi geçirtdiler we 0:5 hasabynda ýeňildiler.

Şu gün giç agşam Gardepede “Balkan” hem ilkinji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aly Gurbanynyň toparynyň garşydaşy Eýranyň “Fulad” topary bolar.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, milli çempionatyň üçünji aýlawy 8-nji awgustda 19-njy tapgyryň duşuşyklary bilen başlanar. Türkmenistanyň futbol boýunça çempionaty 5-nji dekabrda tamamlanar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru