Soňky habarlar

Arhiw

2015/2016-njy okuw ýyly üçin Türkmen döwlet maliýe instituty talyplyga dalaşgärleriň resminamalaryny kabul edip başlady

18:0823.07.2015
0
19290

TÜRKMEN DÖWLET MALIÝE INSTITUTY

2015/2016-njy okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär

1. Maliýe işi we karzlar (hünärler: maliýe; pul dolanyşygy we karz; salgytlar we salgyt salmak; bank işi we maliýe; ätiýaçlandyryş işi; birža işi).

2. Ykdysadyýet we hojalyk hukugy (hünär: buhgalter hasaby we audit).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2015-nji ýylyň 11-27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

- bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

- umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

- 3x4 möçberde alty sany fotosurat;

- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

- giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

- şahsy pasportyny;

- Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Lebap welaýaty — iýul aýynyň 30-31-i, awgust aýynyň 3-i we 5-i günleri 

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 1-2-si, 4-i we 6-sy günleri  

Mary welaýaty — awgust aýynyň 7-8-i, 11-i we 13-i günleri    

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 9-10-y, 12-si we 14-i günleri 

Aşgabat şäheri    — awgust aýynyň 15-16-sy, 19-y we 21-i günleri  

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 17-18-i, 20-si we 22-si günleri 

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, Türkmenistanyň taryhy, geografiýa derslerinden geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

- maliýe hünärleri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

- harby gullugy tamamlap gelenler.

Türkmen döwlet maliýe institutynyň salgysy: Aşgabat ş., (1987) Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 112; tel.: 49-61-99, 49-64-47.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň