Aşgabatda sagdyn iýmitlenmeginiň ileri tutulýan wezipeleri boýunça ýokary derejeli milli strategiki maslahat geçirildi

10:1323.07.2015
0
4255

22-nji iýulda türkmen paýtagtynda ilatyň sagdyn iýmitlenmeginiň ileri tutulýan wezipeleri boýunça ýokary derejeli milli strategiki maslahat geçirildi.

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe we «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen bu maslahata köp adam ýygnandy. Olaryň arasynda şu gün Aşgabatda öz işini jemlän «Gazanan üstünliklerimizi berkitmek sagdyn gelejegimiziň esasydyr» atly halkara saglygy goraýyş maslahatynyň wekilleri hem bar. Bu günki maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, Ylymlar akademiýasynyň, Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem maslahata BMG-niň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, Çagalar gaznasynyň, ÝUNISEF-iň birnäçe ýurtlardaky edaralarynyň we iýmitlenmek meseleleri boýunça beýleki pudagara komitetleriniň düzümine girýän guramalaryň, şeýle hem Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Iýmit akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda, ilaty azyk önümleri bilen üpjün etmäge degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň öňünde duran uzakmöhletleýin wezipeler hem-de Türkmenistanyň sagdyn iýmitlenmek barada durmuşa geçirýän döwlet syýasatyny netijeli durmuşa geçirmek babatdaky wezipeler kesgitlenildi.

Maslahata gatnaşyjylara bu meseläni öwrenmegiň usuly binýady boýunça maglumat-seljeriş materiallary hödürlendi. Şeýle hem hünärmenleriň çykyşlarynda 2025-nji ýyla çenli iýmit meselesi boýunça degişli maksatnamalary, şol sanda öňde durýan maksatlara ýetmegiň dürli ýollaryny öz içine alýan taslamalary işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak boýunça milli hem-de daşary ýurtlaryň tejribeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň gün tertibine girizilen meseleleriň möhümdigini belläp, çykyş edenler häzirki döwürde sagdyn iýmitlenmegiň we azyk önümleriň howpsuzlygynyň, milletiň sagdynlyk derejesini we onuň durmuş hilini, ýaşaýyş dowamlylygyny, zähmet we durmuş işjeňligini öz içine alýan meseleleriň wajypdygyny nygtadylar. Iýmitlenmek ykdysady ösüşiň we durmuş ulgamynyň köp sanly ugurlary bilen utgaşýan düşünjedir.

Bu meseläniň çözgüdine möhüm ähmiýetli wezipe hökmünde garalýar. Bu ulgamda durmuşa geçirilýän syýasatyň maksady ilatyň sagdynlygyny saklamak we berkitmek, keselleriň öňüni almak, şeýle hem sagdyn iýmitlenmegi ýola goýmak bolup durýar. Sagdyn iýmitlenmek syýasatynyň durmuşa geçirilmegi — munuň özi, ilkinji nobatda, azyk bolçulygynyň, onuň ýokary hiliniň üpjün edilmegidir.

Türkmenistanda bu ugurda giň möçberli işler alnyp barylýar. Zerur möçberdäki azyk serişdelerini we önümlerini öndürýän önümçiligiň ykdysady, kanunçylyk we maddy binýadynyň kemala getirilmegi, olaryň ilat üçin elýeterli bolmagy, şeýle hem azyk önümleriniň ýokary hilli hem-de howpsuzlygy bilen baglanyşykly meseleler döwrüň möhüm talaby bolup durýar.

Ýurdumyzda öndürilen önümleriň köp sanly halkara sergilerinde birnäçe gezek ýokary baýraga eýe bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şu günler «EKSPO—2015» ady bilen Italiýada geçirilýän wekilçilikli forumda Türkmenistanyň milli bölüminde görkezilýän önümler ýurdumyzyň tutuş dünýäde azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, sagdyn iýmitlenmek meseleleriniň oňyn çözülmegine önjeýli goşant goşýandygyny alamatlandyrýar.

Pikir alyşmalaryň barşynda ýygnananlar Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ilatyň saglygyny goramak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ägirt uly goşant goşýandygyny bellediler.

Halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ilatyň sagdyn iýmitlenmegi bilen baglanyşykly möhüm meselelere bagyşlanan ýokary derejedäki milli strategik maslahatyň jemleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi. Onda bu ulgam boýunça ýakyn geljegiň möhüm meseleleri kesgitlendi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň