2015/2016-njy okuw ýyly üçin Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty talyplyga dalaşgärleriň resminamalaryny kabul edip başldy

0
3983
15
0

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTY

2015/2016-njy okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky

ugurlary (hünärleri)  boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär

1. Halkara gatnaşyklary we halkara hukugy (hünärler: halkara hukugy; halkara gatnaşyklary we diplomatiýa).

2. Menejment (hünär: halkara ykdysady gatnaşyklary).

3. Dil we edebiýat (hünär: halkara žurnalistikasy).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2015-nji ýylyň 11-27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

- bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

- umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

- 3x4 möçberde alty sany fotosurat;

- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

- giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

- şahsy pasportyny;

- Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Mary welaýaty   — iýul aýynyň 30-y, awgust aýynyň 3-i we 7-si günleri   

Balkan welaýaty — iýul aýynyň 30-y, awgust aýynyň 3-i we 7-si günleri   

Lebap welaýaty — iýul aýynyň 31-i, awgust aýynyň 4-i we 8-i günleri       

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 1-i, 5-i we 9-y günleri      

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 1-i, 5-i we 9-y günleri   

Aşgabat şäheri    — awgust aýynyň 2-si, 6-sy we 10-y günleri.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

halkara gatnaşyklary we diplomatiýa, halkara hukugy hünärleri  —  Türkmenistanyň taryhy, iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty;

halkara ykdysady gatnaşyklary hünäri  —  matematika, iňlis dili, Türkmenistanyň taryhy;

halkara žurnalistikasy hünäri  —  türkmen dili we edebiýaty, iňlis dili, Türkmenistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Degişli dil öwredýän derslerden başga, ähli dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

- saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

- harby gullugy tamamlap gelenler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Galkynyş köçesi, 25; tel.: 22-68-50.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru