Awstriýanyň jemgyýetçilik toparlary Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana ägirt uly gyzyklanma bildirýärler

09:2923.07.2015
0
2734

22-nji iýulda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň “Galkynyş” žurnalynyň nobatdaky sanynyň tanyşdyryş çäresi boldy. Žurnal Türkmenistanyň we Awstriýanyň halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we medeniýet, sungat ulgamlarynda hem-de maglumatlary alyşmakda önjeýli we işewür aragatnaşyklaryň ýola goýulmagyna uly goşant goşýar.

Şu gün  tanyşdyrylan Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň “Galkynyş” žurnalynyň nobatdaky sanynda okyjylara ýurdumyz, taryhymyz, medeni däp-dessurlarymyz we türkmen halkynyň adatlary, ösüş ýolundan ynamly barýan häzirki zaman Türkmenistanyň gazanan ägirt uly üstünlikleri barada okyjylara gürrüň berýän köpsanly makalalar we fotosuratlar ýerleşdirilipdir.

Tanyşdyryş çäresinde Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger Awstriýanyň jemgyýetçiligi tarapyndan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana  örän uly üns berilýänligini belledi. Munuň özi milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Açyk gapylar” syýasatynyň we giň halkara hyzmatdaşlygynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň