Ildeşimiz üçünji gezek kosmosa çykar

0
1290
9
0

Ildeşimiz, Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň ýokary döwlet sylaglarynyň biriniň — “Prezidentiň Ýyldyzy” ordeniniň eýesi, lýotçik-kosmonawt, Russiýanyň Gahrymany Oleg Kononenkodan, şeýle hem Çell Lindgrenden (ABŞ) we Ýui Kimiiden (Ýaponiýa) ybarat düzümdäki MKS-iň täze ekipažy şu gün Baýkonur kosmodromyndan älem giňişligine tarap ugur aldy, bu ýerde ol 163 günläp bolar. Bu wakanyň öňüsyrasynda bolsa kosmonawtlar Ýyldyzlar şäherçesinde ýakynlary  ýakynlary bilen sagbollaşdylar we žurnalistlere meýilleri barada gürrüň berdiler. Bu barada Russiýanyň Birinji teleýaýlymynyň resmi saýty (www.1tv.ru) habar berýär.

“Kontur-2” atly bu barlag-synagynda Ýerdäki roboty uzak aralykdan dolandyrmak, biziň, kosmonawtlaryň merkezi dem alyş ýollaryny, agramsyzlygy öwrenmek boýunça “Dan” ýaly, köp sanly barlag-synaglary geçiriler. Ekspedisiýa barlag-synaglara baý bolup, olar dürli-dürlüligi hem-de gyzyklylygy bilen tapawutlanýar” — diýip, “Soýuz TMA-17M” gämisiniň komandiri Oleg Kononenko aýtdy.

2008—nji ýylda Oleg Kononenko “Soýuz TMA-12” gämisiniň bortinženeri hökmünde ilkinji kosmiki uçuşyny amala aşyryp, onuň dowamynda iki gezek açyk kosmosa çykdy. Uçuşyň dowamlylygy 198 gije-gündiz 16 sagat 20 minut 11 sekunt boldy.

Aradan üç ýyl geçensoň, O. Kononenko eýýäm amerikaly Donald Petit bilen gollandiýaly Andre Keýpersden ybarat iki bortinženeri bolan “Soýuz TMA-03M” gämisiniň komandiri hökmünde älem giňişligine çykýar. Bu ekspedisiýanyň barşynda ildeşimiz 1 gezek açyk kosmosa çykar, onuň dowamlylygy 6 sagat 15 minut bolar. Uçuşyň dowamlylygy 192 gije-gündiz 18 sagat 59 minut 37 sekuntda, iki uçuşyň dowamlylygy bolsa 391 gije-gündiz 11 sagat 18 minut 48 sekunda barabardyr. Iki uçuşda üç gezek açyk kosmosa çykylyp, ol ýerde geçirilen wagt bolsa 18 sagat 27 minuta deňdir.

Ine, indi bolsa 21-nji iýunda 51 ýaşan O. Kononenko üçünji gezek, özem ýene-de “Soýuz TMA-17M” gämisiniň komandiri hökmünde kosmosa çykýar.

Oleg Kononenkonyň göbek gany daman şäherinde — Türkmenabatda bu habary aýratyn şatlyk-buýsanç bilen kabul etdiler. Ol Amyderýanyň boýundaky bu şäherde doguldy, önüp-ösdi, orta mekdebi tamamlady. Kosmonawtyň ejesi Taisiýa Çurakowa häzirem bu ýerde ýaşaýar, ogly onuň bilen ýygy gatnaşyk saklaýar. Şu günler Taisiýa Stepanowna ildeşlerimizden — ilkinji nobatda öz tanymal oglunyň dostlaryndan we klasdaşlaryndan köp sanly gutlaglary kabul edýär. Ejesiniň aýtmagyna görä, Oleg kiçiliginden kosmosa uçmagy arzuw edipdir we öz öňünde goýan maksadyna ýetmek üçin yhlas baryny edipdir.

Türkmenabat şäherindäki 15-nji orta mekdebi ýokary bahalar bilen tamamlap, Oleg awiasiýa institutyny saýlady, ony tamamlanyndan soň, raketa-kosmiki kärhanada işledi. Soňra bolsa onuň elýetmez arzuwy hasyl boldy.

Üç ýyl mundan ozal bolan söhbetdeşlikleriň birinde Oleg Kononenkodan, hakykatdan-da, birinji synpda kosmonawt bolmagy ýüregine düwendiginiň çynmydygyny soranlarynda, ol şeýle jogap berdi:

—Men bu arzuw bilen doguldym.

—Eýsem, şeýle-de bolarmy?

—Häzir munuň başgaça bolup biljegini göz öňüne-de getirip bilemok. Esasy zat — öňüňde maksat goýmak.

Şol söhbetdeşlikde belli kosmonawt ildeşimiz Türkmenistanyň üstünden uçup geçende mähriban şäheri Aşgabat bilen Türkmenabadyň suratyny alandygyny gürrüň berdi.

“Gije olar ýap-ýagty bolup görünýär, örän owadan” — diýip, O. Kononenko belleýär.

Bu günki şatlygy Oleg Dmitriýewiçiň ejesi bilen ähli ildeşleri — türkmenabatlylar deň paýlaşýarlar.

“Indi diňe bir zady — oglumyň Ýere sag-aman dolanyp gelmegini dileg edýärin” — diýip, Taisiýa Stepanowna aýdýar.

Bu dileglere türkmenistanlylaryň ählisi goşulýar. Olar öz dogduk diýaryna — Türkmenistana iň oňat duýgulary kalbynda göterýän tanymal ildeşlerine ýürekden buýsanýarlar.

--------------------------------------------------------------------------------------

Iň täze habarlary duşuňyzdan geçirmäň, biziň gruppamyzda Türkmenistanda bolup geçýän iň täze habarlary yzarlaň. LINE-de bize goşulyň!

Добавить

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru