Türkmenistanyň futbol federasiýasyndan we ýurdumyzyň klublaryndan transfer täzelikleri

0
2987
32
118

Türkmenistanyň futbol federasiýasy 31-nji iýula çenli açylan transfer döwründe oýunçylaryň topardan topara geçişini hasaba aldy. TFF-de habar berlişi ýaly, awgustda başlanýan Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň we milli çempionatyň 3-nji aýlawynyň öňüsyrasynda Marynyň “Merwi” Türkmenbaşynyň “Şagadamyndan” goragçy Maksat Atagarryýewiň we hüjümçi Tirkiş Muhammetberdiýewiň öz düzümine geçendigini mälim etdi.

Türkiýäniň Gardepe şäherinde geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň barşynda “Merwiň” futbolçylary ilkinji ýoldaşlyk duşuşygynda Eýranyň “Padideh” klubundan 1:4 hasabynda asgyn geldiler. Olar indiki duşuşygyny Türkiýäniň “Sultanbeýlispor” toparyna garşy geçirerler.

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenportalyň habarçysyna belli bolşy ýaly, AFK-nyň prezidentiniň Kubogy — 2013-iň ýeňijisi “Balkan” hem okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçmek üçin Gardepä ugrady. Onuň çäklerinde topar 30-njy iýula çenli ýerli toparlar bilen 3-4 ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmegi göz öňünde tutýar. “Balkan” bilen Türkiýäniň bu okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna Türkmenbaşynyň “Şagadamynyň” ýarym goragçysy Sahypnazar Durdyýew bilen Samarkandyň “Dinamosynyň” we Türkmenistanyň ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Aleksandr Boliýan hem gatnaşýar. Oýunçylaryň soňkusy Özbegistanyň çempionatynda gerekli oýun wagtynyň berilmeýändigi üçin Balkanabadyň toparynda çykyş etmäge isleg bildirdi.

Şol bir wagtda “Balkan” futbol kluby üç oýunçy bilen hoşlaşdy.

“Biz “Hazyna” toparyna goragçylar Nurtagan Mämmedalyýewi we Güýçmyrat Annagulyýewi goýberdik. Ýarym goragçy Begenç Annagurbanow bolsa “Altyn asyra” geçdi” diýip, Ali Azizowiç gürrüň berdi.

A.Gurbanynyň aýtmagyna görä, gelejekde “Balkan” futbol klubunyň öňünde Türkmenistanyň Kubogyny eýelemek we çempionatyň medallary ugrunda göreşmek wezipesi durýar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru