2015/2016-njy okuw ýyly üçin Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti talyplyga dalaşgärleriň resminamalaryny kabul edip başlady

0
7630
128
31

HALKARA YNSANPERWER YLYMLARY WE ÖSÜŞ  UNIWERSITETI

2015/2016-njy okuw ýyly üçin bakalawrlary taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär

Taýýarlygyň ugurlary: filosofiýa; sosiologiýa; halkara jemagat hukugy; halkara hususy hukugy; halkara gatnaşyklar we dünýä syýasaty; žurnalistika; halkara ykdysadyýeti; halkara menejment; halkara maliýe; ätiýaçlandyryş işi; halkara täjirçiligi; kompýuter tehnologiýasy; kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi; maglumat we kommunikasiýa tehnologiýasy.

Uniwersitetde okuwlar tölegli esasda bakalawrlary taýýarlamagyň maksatnamasy boýunça bir ýyl dil öwreniş bölüminde taýýarlygyny geçeninden soňra, iňlis dilinde alnyp barlar. Iňlis dilinde erkin gepleýän dalaşgärler dil öwreniş bölüminde okuw taýýarlygyny geçmezden bakalawrlygyň 1-nji okuw ýylyna başlamaklyga mümkinçiligi bardyr.

Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2015-nji ýylyň 11-27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

- bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

- umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

- 3x4 möçberde alty sany fotosurat;

- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

- giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

- şahsy pasportyny;

- Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Balkan welaýaty — iýul aýynyň 30-31-i, awgust aýynyň 3-i we 5-i günleri

Ahal welaýaty     — awgust aýynyň 1-2-si, 4-i we 6-sy günleri

Aşgabat şäheri    — awgust aýynyň 7-8-i, 11-i we 13-i günleri

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 9-10-y, 12-si we 14-i günleri

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 15-16-sy, 19-y we 21-i günleri

Mary welaýaty — awgust aýynyň 17-18-i, 20-si we 22-si günleri

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

filosofiýa, sosiologiýa ugurlary — iňlis dili, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;

halkara jemagat hukugy, halkara hususy hukugy, halkara gatnaşyklar we dünýä syýasaty ugurlary — iňlis dili, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;

žurnalistika ugry — iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

halkara ykdysadyýeti, halkara menejment ugurlary — iňlis dili, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

halkara maliýe, ätiýaçlandyryş işi ugurlary — iňlis dili, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

halkara täjirçiligi ugry — iňlis dili, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

kompýuter tehnologiýasy, kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi; maglumat we kommunikasiýa tehnologiýasy ugurlary — iňlis dili, matematika, Türkmenistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Degişli dil öwredýän derslerden başga, ähli dersler boýunça giriş synaglary döwlet we/ýa-da iňlis dilinde dilden geçirilýär. Iňlis dilinde erkin gepleýän dalaşgärler giriş synaglaryny üstünlikli tabşyranlaryndan soňra dil öwreniş bölüminde okuw taýýarlygyny geçmezden bakalawrlygyň 1-nji okuw ýylyna başlamak üçin iňlis dil bilimini barlag testini tabşyrýarlar.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

- saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

- harby gullugy tamamlap gelenler.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., 1958 (Andalyp) köçesiniň 169-njy jaýy; tel.: 39-85-53.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru