Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat şäherinde Magtymguly adyndaky TDU-nyň himiýa fakultetiniň binalar toplumyny «Bouygues bâtiment international» fransuz kompanýasy gurar

11:4022.07.2015
0
21932

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Türkmenistanyň Bilim ministrligine Aşgabat şäheriniň Andalyp köçesi bilen Görogly köçesiniň çatrygynyň günorta-günbatar tarapynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň binalar toplumynyň taslamasyny düzmek, olary döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrmak we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada «Bouygues bâtiment international» fransuz kompanýasy bilen şertnamany, binalar toplumy üçin aragatnaşyk, elektrik, gaz, suw üpjünçiliginiň hem-de lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlaryny gurmak we olary umumyşäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2015-nji ýylyň awgust aýynda başlamak we binalar toplumyny 2017-nji ýylyň awgust aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň