Türkmenistanyň Prezidenti “Gazanan üstünliklerimizi berkitmek sagdyn geljegimiziň esasydyr” atly halkara saglygy goraýyş maslahatynda çykyş etdi

10:4322.07.2015
0
7571

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Hanymlar we jenaplar!

Türkmenistan halkara durmuşyna işjeň gatnaşýan döwlet hökmünde dünýä derejesinde sagdynlygy we abadançylygy üpjün etmäge öz mynasyp goşandyny goşýar. Biziň ýurdumyz bu ugurda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň tarapdary bolup çykyş edýär. Dürli derejelerde, hususan-da, halkara guramalaryň çäklerinde häzirki we geljekki nesiller üçin uly ähmiýeti bolan meseleleri yzygiderli öňe sürýär we bu meseleleri çözmäge işjeň gatnaşýar.

Şu wezipelerden ugur alyp, Türkmenistan giň gerimli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen, häzirki döwrüň derwaýys meselelerine degişli, ähli ýurtlaryň we halklaryň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýär. Bu başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça zerur çäreleri görýär.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Biz berkarar Watanymyzda mähriban halkymyzyň saglygyny goramaga, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge uly üns berýäris. Şu maksat bilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny kabul etdik. Şu ýyl bu Maksatnamanyň kabul edilenine 20 ýyl dolýar. Şu günki geçirýän halkara maslahatymyz hem şu şanly senä bagyşlanýar.

Gadyrly myhmanlar!

Hanymlar we jenaplar!

Bu halkara maslahata gatnaşmak baradaky çakylygymyzy kabul edendigiňiz üçin, size tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Sizi Garaşsyz Watanymyzyň paýtagty Aşgabatda görýändigime örän şatdyryn.

Biz maslahata dürli ýurtlaryň wekiliýetleriniň gatnaşmagyny ýurdumyza goýlan hormatyň, Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde gazanan üstünliklerini ykrar etmegiň nyşany hasaplaýarys. Döwletleriň ösmeginiň, adamlaryň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň bähbidine bu ulgamda giň gerimli halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmakda berkarar Watanymyzyň tutýan ornuna berlen ýokary baha hökmünde garaýarys.

Adamyň saglygy, beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegi häzirki döwürde Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir.

Raýatlarymyzyň saglygy barada alada etmek döwletiň borjudyr. Her bir döwletiň durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösmeginiň girewidir. Şahsyýete öz mümkinçiliklerini, ylym, medeniýet, bilim, sport ulgamlarynda we durmuşyň ähli ugurlarynda döredijilik ukyplaryny ýokary derejede we hemmetaraplaýyn açmaga şert döredýän berk binýatdyr.

Durmuşyň ähli ugurlarynda belent sepgitlere ýetýän, hemmetaraplaýyn ösen, häzirki zaman döwleti geljege ynam bilen garaýan, sagdyn adamlaryň döwletidir!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Bitarap Watanymyz ösüşleriň ak ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Täze, belent sepgitlere ýetmek, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny ýokary depginler bilen ösdürmek, ilatymyzyň durmuş üpjünçiligini has-da gowulandyrmak wezipeleri döwlet strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarydyr.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge uly itergi beren «Saglyk» Döwlet maksatnamasy hem şu wezipelerden ugur alnyp kabul edildi. Şu döwürde Maksatnamada kesgitlenen wezipeler üstünlikli amala aşyryldy. Ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny goramak boýunça uly işler alnyp baryldy, saglygy goraýyş ulgamy has-da kämilleşdirildi.

Häzirki döwürde «Saglyk» Döwlet maksatnamasy Prezident maksatnamasy, «Türkmenistanda Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň 2012—2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanda derman senagatyny ösdürmegiň
2011—2015-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasy», Türkmenistanda şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasy we ýurdumyzy ösdürmek boýunça beýleki maksatnamalar bilen utgaşykly amala aşyrylýar.

Hormatly adamlar!

Hormatly saglygy goraýyş
ulgamynyň işgärleri!

Biziň alyp barýan içeri syýasatymyz, ilkinji nobatda, ilatyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna, ösüşiň belent sepgitlerine ýetmäge, raýatlarymyzyň saglygyny goramaga bolan konstitusion hukuklaryny berjaý etmäge gönükdirilendir.

Biziň yglan eden «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyz berkarar Watanymyzy gülläp ösýän, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagy üpjün edýän döwlete öwürmäge niýetlenendir.

Türkmenistan ilatyň saglygyny ygtybarly goramagy adam hukuklarynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitleýär. Deňlik we adalat kadalary esasynda ilatyň saglygyny goramak we berkitmek maksady bilen, saglygy goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirmek esasy wezipe bolup durýar.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy maksady ilatyň saglygyny goramakdan, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmakdan we jemgyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmekden, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Bu ugurda alnyp barylýan syýasat beden we ruhy taýdan kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmäge, ilaty elýeterli we ýokary hilli saglygy goraýyş kömegi hem-de hyzmatlary bilen üpjün etmäge, daşky gurşawyň arassalygyny saklamaga gönükdirilendir.

Saglygy goraýyş ulgamyny dolandyrmagy kämilleşdirmek «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy wezipeleriniň biridir. Bu Maksatnama laýyklykda saglygy goraýyş ulgamyny maliýeleşdirmegi kämilleşdirmek maksady bilen, 1996-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanyň raýatlarynyň döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy girizildi. Bu çäre ilata edilýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmakda we raýatlary durmuş taýdan goramakda aýgytly ädim boldy.

Saglygy goraýyş ulgamyny özgertmek boýunça geçirilýän çäreleriň netijesinde, geçen ýyllaryň dowamynda köp işler amala aşyryldy:

- keselleriň öňüni almak boýunça giň gerimli çäreler durmuşa geçirildi;

- ilatymyzy elýeterli, oňat hilli we ýokary derejeli saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça netijeli işler alnyp baryldy;

- ýurdumyzda arassaçylyk we keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak hem-de daşky gurşawy goramak boýunça zerur işler geçirildi;

- her bir maşgalanyň saglygyny goramaga gönükdirilen hyzmatlar ýola goýuldy;

- saglygy goraýyş edaralaryny maliýeleşdirmek ulgamy özgerdildi;

- saglygy goraýyş ulgamynyň ilkinji basgançagyny pugtalandyrmaga we hassahana orunlaryny rejeli peýdalanmaga aýratyn üns berildi;

- saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidildi;

- edara görnüşli taraplaryň hem-de raýatlaryň saglygy goraýyş we dermançylyk işiniň aýry-aýry görnüşleri ygtyýarlandyryldy;

- saglygy goraýşyň hususy ulgamyny ösdürmek boýunça degişli işler geçirildi;

- ýurdumyzyň derman senagatyny ösdürmek we derman serişdeleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp baryldy;

- hünärmenleri taýýarlamaga we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berildi;

- saglygy goraýyş ylmyny ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp baryldy.

Saglygy goraýyş ulgamyny özgertmek boýunça alnyp barylýan işler keselleriň öňüni almaga, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeli we elýeterli bolmagyny gazanmaga, hilini has-da ýokarlandyrmaga, saglygy goramak bilen bagly meseleleri oňyn çözmäge gönükdirildi.

Geçen döwürde saglygy goraýşyň guramaçylyk we dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek işleri hem giň gerim bilen alnyp baryldy. Saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady has-da berkidildi.

Saglygy goraýşy dolandyrmakda müdirlikleriň we edara-kärhanalaryň ygtyýarlyklary giňeldildi. Bu bolsa Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligini guramaçylyk-usulyýet, seljeriş we baha beriş merkezine öwürmäge mümkinçilik berdi.

Geçirilen özgertmeleriň netijesinde welaýat merkezlerindäki Saglygy goraýyş bölümleri ýatyrylyp, olaryň wezipeleri welaýat Saglygy goraýyş müdirliklerine berildi. Şeýle hem şäherlerdäki Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň birnäçesi birleşdirilip, olaryň binýadynda bir bitewi gulluklar döredildi.

Saglygy goraýyş ulgamynyň kanunçylyk binýady hem pugtalandyryldy. Ähli derejedäki saglygy goraýyş edaralarynyň düzümini kämilleşdirmek boýunça degişli resminamalar kabul edildi.

Maşgala lukmanlarynyň we maşgala şepagat uýalarynyň wezipeleri takyk kesgitlendi. Ilata maşgala lukmançylygy usulynda saglygy goraýyş hyzmatlaryny etmegiň hukuk binýady döredildi.

Raýatlaryň saglygyny goramagy döwlet tarapyndan kepillendirmek, ilatyň aýry-aýry toparlaryny mugt saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça kadalaşdyryjy resminamalar taýýarlandy.

Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy baradaky şertnamany baglaşmagyň tertibi hakyndaky Düzgünnama işlenip düzüldi. Häzirki wagtda döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy şertnamasyny ýurdumyz boýunça 1 million 700 müň raýat baglaşdy. Jemi 3 milliondan gowrak adam döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasynyň ýeňilliklerinden peýdalanýar.

Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy Türkmenistanyň raýatlaryna we olaryň eklenjindäki 16 ýaşa çenli çagalara bahasy 90 göterim arzanladylan derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleriň 128 görnüşini döwlet dermanhanalaryndan almaga şert döretdi. Bejeriş-öňüni alyş edaralarynda 50 göterim möçberinde arzanladylan tölegli saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ähli görnüşlerinden peýdalanmaga mümkinçilik berdi.

Bulardan başga-da, ätiýaçlandyrylan raýatlar we olaryň eklenjindäki 16 ýaşa çenli çagalar ýylda bir gezek Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň şypahanalarynda 50 göterim möçberinde arzanladylan töleg esasynda saglyklaryny berkidýärler. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ilkinji lukmançylyk kömeginiň täze ulgamy girizildi. Oba we şäherçe hassahanalary, oba lukmançylyk gatnap bejergi alyş edaralary, feldşer-akuşer nokatlary ilata ilkinji lukmançylyk hyzmatlaryny edýän oba saglyk merkezlerine we saglyk öýlerine öwrüldi. Olar etrap hassahanalarynyň düzümine girizildi.

Bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň gurluşy üýtgedildi. Özbaşdak hereket edýän kiçi hassahanalar birleşdirilip, olaryň binýadynda köpugurly uly hassahanalar döredildi. Ýatymlaýyn bejergi berýän edaralaryň umumy sany 1995-nji ýylda 395 bolan bolsa, 2014-nji ýyla çenli olar 67 göterim azaldyldy.

Saglygy goraýşyň çeşmelerini rejeli ulanmak netijesinde, hassahana orunlary tapgyrlaýyn 48 göterim azaldyldy. Ilatyň bu ugurdaky üpjünçiligi 2014-nji ýylda her 10 müň adam üçin 41,1 orna ýetirildi.

Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde maşgala lukmany hünäri girizildi. Şeýle hem Maşgala lukmanlarynyň hünärini kämilleşdiriş kafedrasy döredildi we hereket edýär. Maşgala lukmançylygy usulynyň girizilmegi we ýatymlaýyn şertlerde berilýän lukmançylyk kömeginiň gowulanmagy esasynda ilata edilýän saglygy goraýyş kömeginiň hili has-da ýokarlandy. Saglyk öýlerinde gündizki ýatymlaýyn bejeriş bölümleri giňden ornaşdyryldy. Býujetden maliýeleşdirilýän orunlar bilen bir hatarda, hojalyk hasaplaşygy esasynda maliýeleşdirilýän orunlar hem girizildi.

Geçen ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezleri, «Ene mähri» merkezleri, Anyklaýyş merkezleri, Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezleri we beýleki ýöriteleşdirilen häzirki zaman saglygy goraýyş edaralary döredildi.

Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän lukmançylyk kömegini bermek üçin paýtagtymyzda düzümine Kardiologiýa, Iç keselleri, Saglygy goraýyş-anyklaýyş, «Ene mähri», Kelle we boýun kesellerini bejeriş, Göz keselleri, Stomatologiýa merkezleri girýän Halkara saglyk merkezleri müdiriýeti döredildi.

Şeýle hem düzüminde inçekeseli bejeriş-öňüni alyş, deri-wenerologiýa hassahanasy, ýokanç keselleri bejeriş-öňüni alyş merkezleri, Milli AIDS-iň öňüni alyş merkezi, Gan merkezi we merkezleşdirilen barlaghanasy bolan Ýokanç keseller merkezleri müdiriýeti döredildi.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ylmynyň gazananlaryny amaly saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrmak, geçirilýän ylmy-barlag işlerini kämilleşdirmek maksady bilen, ylmy-barlag institutlary ylmy-kliniki merkezlere öwrüldi. Bu bolsa ylmy barlaglary bejeriş-öňüni alyş işleri bilen utgaşdyryp alyp barmaga mümkinçilik döretdi.

Ýurdumyzyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegini üpjün etmek ileri tutulýan wezipeleriň biridir. Şu maksat bilen kabul edilen «Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2013—2017-nji ýyllar üçin milli maksatnama» sagdyn iýmitlenmegiň kadalaryny we düzgünlerini ornaşdyrmaga gönükdirilendir.

Iýmitlenmek bilen bagly ýüze çykýan ýokanç däl keselleriň öňüni almakda azyk önümlerini ýokumly maddalar bilen baýlaşdyrmagyň möhüm ähmiýeti bardyr. Ýurdumyzda nahar duzuny ýodlaşdyrmak, uny demir we foliý turşusy bilen baýlaşdyrmak ýaly çäreleri geçirmek arkaly keselleriň öňüni almak boýunça döwlet derejesinde giň möçberli işler üstünlikli amala aşyrylýar.

Häzirki döwürde biziň ýurdumyz Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Çagalar gaznasy hem-de beýleki halkara guramalar, dünýäniň öňdebaryjy saglygy goraýyş we ylmy-barlag merkezleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynyň ägirt uly mümkinçilikleri ýokary derejede netijeli ulanylýar. Bu bolsa, Bitarap Watanymyzda ynsan saglygyny berkitmäge we jemgyýetimiziň sagdynlygynyň binýadyny has-da pugtalandyrmaga ýardam berýär.

Geçirilen giň gerimli işleriň netijesinde, ýurdumyzda drakunkulýoz, poliomiýelit, gyzzyrma keselleriniň ýok edilendigini, unuň demir we foliý turşusy bilen baýlaşdyrylandygyny, nahar duzunyň ýodlaşdyrylandygyny tassyklaýan möhüm resminamalar döwletimize gowşuryldy. Bu bolsa, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, saglygy goraýyş ulgamyny has-da kämilleşdirmek ugrunda geçirilýän işleriň halkara derejesinde ykrar edilýändigini aýdyň görkezýär.

Ýurdumyzda sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak, ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça hem ägirt uly işler alnyp barylýar. Berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, beýik geljeginiň bähbidine jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak, çilimkeşlik ýaly ýaramaz endikleriň garşysyna göreş çärelerini güýçlendirmek döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biridir.

2000-nji ýyldan başlap, ýurdumyzda temmäkä garşy netijeli göreş alnyp barylýar. Häzirki döwürde bu işe döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ählisi çekildi. Bu ugurda dürli maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça utgaşdyryjy komitetler döredildi. «Il saglygy — ýurt baýlygy» ýörelgesi ilatymyzyň bagtyýar durmuşynyň aýrylmaz bir bölegine öwrülýär.

2011-nji ýylda Türkmenistan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Temmäkä garşy göreş boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny tassyklady. Bu Guramanyň Ýewropa sebiti boýunça edarasy bilen bilelikde «Saglyk—2020» syýasatynyň çäklerinde 2012—2016-njy ýyllarda temmäkä garşy göreş boýunça hereket etmegiň milli meýilnamasy işlenip taýýarlandy. Bu meýilnama häzirki döwürde üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.

2013-nji ýylyň dekabrynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň «Saglyk—2020» syýasatynyň çäklerinde Ýewropanyň ministrler maslahatynda Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasy kabul edildi.

Häzirki döwürde ýurdumyz saglygy goraýyş ulgamynda abraýly halkara we sebit guramalary bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Türkmen hünärmenleri daşary ýurtlaryň öňdebaryjy saglygy goraýyş merkezlerinde öz hünär derejelerini yzygiderli ýokarlandyrýar. Dünýäniň belli hünärmenleri bilen özara hyzmatdaşlyk esasynda oňat tejribe toplaýar. Bu bolsa, ýurdumyzyň lukmanlarynyň häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmaklary üçin oňyn şertleri döredýär.

Şu mümkinçilikden peýdalanyp, döwletimiz bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi, bilelikdäki dürli taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmäge ýardam berýändigi üçin, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyna, onuň Ýewropa sebiti boýunça edarasyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin!

Hormatly adamlar!

Gadyrly myhmanlar!

Umuman, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda geçirilýän özgertmeler biziň döwrüň ruhuna laýyklykda ynamly öňe barýandygymyzy aýdyň görkezýär.

Biz şu gün «Saglyk» Döwlet maksatnamasy göz öňünde tutulan anyk maksatlara we wezipelere laýyklykda üstünlikli amala aşyryldy diýip, ynam bilen aýdyp bileris! Häzirki döwürde biziň öňümizde has uly we jogapkärli wezipeler, belent maksatlar durýar. Öňümizde durýan bu wezipeleri üstünlikli amala aşyrmakda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň yhlasly zähmet çekip, belent sepgitlere ýetjekdiklerine berk ynanýaryn!

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, asuda we bagtyýar durmuş, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň