Türkmenistanyň Prezidenti BSGG-niň Baş direktory Margaret Çany we BSGG-niň Ýewropa sebit býurosynyň direktory Žužanna Ýakaby kabul etdi

0
473
0
0

21-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Margaret Çany hem-de Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebit býurosynyň direktory Žužanna Ýakaby kabul etdi. Myhmanlar “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabada ýörite geldiler.

Abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylary duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanyny bu şanly sene mynasybetli gutlap, tutuş türkmen halkyna parahatçylyk, rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdiler. Pursatdan peýdalanyp, myhmanlar milletiň Liderine özlerine Türkmenistanyň döwlet sylagynyň—“Bitaraplyk” ordeniniň gowşurylandygy hem-de Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň oňyn hyzmatdaşlygyna goşan goşandyna berlen ýokary baha üçin hoşallyk bildirdiler.

BSGG-niň ýolbaşçylary şeýle hem bilelikde geçirilýän “Gazanan üstünliklerimizi berkitmek sagdyn geljegimiziň esasydyr” atly halkara saglygy goraýyş maslahatynyň ýokary derejede guralandygyny hoşallyk bilen bellediler. Bu maslahata gatnaşmak üçin dünýäniň otuzdan gowrak ýurdundan wekiliýetler türkmen paýtagtyna geldiler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli sözler we gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, milli saglygy goraýyş ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek hem-de kämilleşdirmek boýunça giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny yzygiderli durmuşa geçirmäge uly goşant goşan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanmak bilen belledi. Türkmenistanyň iri halkara guramalar, ilkinji nobatda bolsa, BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygy döwlet ösüşiniň esasy maksatlaryna doly laýyk gelýär. Raýatlarymyzyň saglygyny goramak şol maksatlaryň esasylarynyň biridir.

Dostluk ýagdaýynda geçen duşuşygyň barşynda uzakmöhletleýin, özara ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, ileri tutulýan ugurlary we geljegi barada özara gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Margaret Çan we Žužanna Ýakab ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak babatda, hususan-da, ömrüň dowamlylygyny uzaltmakda, temmäkä garşy işjeň göreşmekde, çaga ölümini we eneleriň kesellemeginiň derejesini peseltmekde we beýleki köp ugurlarda gazanylan üstünliklere ýokary baha berip, bu ugurda ýetilen sepgitleriň milletiň Lideriniň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň durmuş ugurlydygyna şaýatlyk edýändigini nygtadylar. Halkymyzyň bagtyýar durmuşy, saglygy we abadançylygy baradaky alada bolsa şol syýasatyň esasyny düzýär.

Milletiň Lideriniň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan milli saglygy goraýyş ulgamyndaky özgertmeleriň netijesinde döwrebap lukmançylyk hyzmatlarynyň örän köp görnüşi türkmenistanlylar üçin elýeterli boldy. Paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlan döwrebap hassahanalar we keseli anyklaýyş-bejeriş merkezleri şol hyzmatlary hödürleýärler. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň giňden wagyz edilmegi, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we sportuň ösdürilmegi bilen bilelikde bularyň ählisi beden we ruhy taýdan sagdyn nesli terbiýelemäge ýardam edýär.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýolbaşçylary türkmen Lideriniň amala aşyrýan işlerini hem-de täze başlangyçlaryny goldaýandyklaryny aýdyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň golaýda tassyklanan täze “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Mälim bolşy ýaly, adamyň saglygyna uly zyýan ýetirýän ýaramaz endiklere garşy göreşmek kabul edilen maksatnamanyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenildi.

Milletiň Lideri döwletimiziň “Il saglygy — ýurt baýlygy” diýen şygardan ugur alyp, adamyň saglygyny iň gymmatly baýlyk hasaplaýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, zyýanly endiklere garşy göreşmek we sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek boýunça maksadalaýyk işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýolbaşçylary birek-birege iň gowy arzuwlaryny aýdyp, häzirki döwrüň ählumumy maksatlaryna hem-de wezipelerine doly laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna hem-de hemmetaraplaýyn giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru