Paýtagtyň Arçabil şaýolunyň ugrunda Mejlisler merkeziniň täze binasy açyldy

00:2122.07.2015
0
6143

 Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtyň Arçabil şaýolunyň ugrunda Mejlisler merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu ajaýyp bina tutýan çägi we gurluşyk jähetden çözgüdi boýunça beýlekilerden özboluşly tapawutlanýar.

Açylyş dabaralaryndan soň, milletiň Lideriniň gatnaşmagynda Mejlisler merkeziniň giň sahnasynda ýurdumyzyň we dünýäniň meşhur opera aýdymçylarynyň gatnaşmaklarynda uly konsert boldy.   

Ýurdumyzyň nurana keşbine täze röwüş berýän bu Mejlisler merkeziniň ajaýyp binasy milli arhitektura-binagärlik sungatynyň asylly ýörelgelerini we dünýä tejribesiniň iň oňat nusgalaryny özünde jemleýär.

Mejlisler merkeziniň binasy gojaman Köpetdagyň beýiklikleri bilen bäsleşýär. Ini 179 metre uzaýan, beýikligi 51,5 metrden gowrak bu merkeziň depesinde gümmezleriň bäşisi ýerleşdirilipdir. Gümmezleriň ýurduň welaýatlarynyň sany bilen gabat gelmeginiň many-mazmunynda  ýurduň bitewüliginiň hem-de halkyň agzybirliginiň alamatlary duýulýar. Baş gümmeziň beýikligi 10 metre barabar bolup, diametri 23 metrdir. Gümmeziň depe jygasynyň beýikligi 8 metre barabardyr. Beýleki gümmezleriň diametri we beýiklik ölçegleri baş gümmeziňkiden kiçidir. Töweregi abadanlaşdyrylan binanyň ýanynda awtomobilleriň 120-siniň hem-de Prezident kortežiniň awtoulaglaryny ýerleşdirer ýaly ýörite duralga gurlupdyr.

Köp ugurly, hususan-da, teatr we konsert zalyndan ybarat 3 müň orunlyk tomaşaça niýetlenen uly zal tehniki enjamlar arkaly sesi güýçlendirmäge we peseltmäge mümkinçilik berýär. Simfoniki konsert gurnalanda sahnada orkestr çaňňalagy gurnalýar. Bu bolsa görnüşli çykyşlar üçin zalyň ses aýratynlyklaryny iň amatly ýagdaýlara geçirmäge, ýagny ajaýyp akustikany döretmäge ýardam berýär.

Zal, esasan, parterden we balkondan ybaratdyr. Parterde 1500 tomaşaçy ýerleşip bilýär. Balkonlaryň 2-sinde bolsa ýenede şonça tomaşaçy ýerleşip bilýär. Zalyň giňligi 38 metr bolup, beýikligi bolsa 20 metrdir. Parteriň we zallaryň biri-biri bilen berk sazlaşykda gurulmagy simfoniki konsertlerde hem-de sesi güýçlendirilen operalarda, oýunlarda oňat akustikany almaga mümkinçilik berýär.

Zal bir gatdan ybarat bolup, balkonlaryň 2-sini özünde  jemleýär. Sahnanyň gapdalynda orkestr çukur ýerleşýär. Binada artistler, sazandalar, tansçylar geýimlerini çalşyrar ýaly otaglar döredilipdir. Artistleriň geýinýän otaglarynyň sany 26-a ýetirilipdir. Otaglar üç topara bölünipdir, ýagny 10 sany aýratyn otag, 15 sany VIP otag hem-de drižýor üçin bir otag döredilipdir. Artistleriň ýüz keşbini grimlemek we üst-başlaryny sahnada goýulýan medeni çäräniň talaplarynda düzetmek üçin grim çalmaga niýetlenilen stollaryň 400-si goýlupdyr. Şular bilen birlikde artistleriň ygtyýarynda dynç almak we pikir alyşmak üçin niýetlenen zal hem döredilipdir.

Artistler üçin, olar sahna çykmazdan ozal taýynlanýan zallaryndan 2-si döredilipdir. Olaryň birinde tansçylaryň 200-si üçin konfigurasiýasy boýunça tapawutlanýan zal bilen birlikde, orkestriň sazandalarynyň 49-sy ýerleşip bilýän ýene bir zal döredilipdir. Zallarda akustika ulgamyny sazlaýan gural hem oturdylypdyr.

Dabaralara we mejlislere gatnaşýanlaryň hem-de myhmanlaryň rahatlygy üçin birinji gatda iki sany jemi 480 orunlyk kafeteriý zolagy döredilipdir. Ikinji gatda iki sany jemi 460 orunlyk kafeteriý zolagy hem göz öňünde tutulypdyr.

Mejlisler merkeziniň gurluşy barada aýdylanda, gural otaglaryndan ikisi döredilipdir. Olaryň birinden sahna görünmeýän bolsa-da, göni ýaýlymda gaýtadan ýazyp almaga mümkinçilik döredilipdir. Sinhron terjime ulgamynda goýberilýän 6 sany ýaýlym zalyň tutuş meýdanyny öz içine alýar we bir wagtda 4000 adama hyzmat edip bilýär. Signallaryň köpçülikleýin habar beriş zalynda we mobil telewideniýesiniň gural otagyna ýaýylmagyna mümkinçilik bar.

Jemläp aýdylanda, Mejlisler merkezi wekilçilikli maslahatlary, halkara forumlaryny, festiwallary häzirki zaman teatr we sahna sungatynyň talaplarynda ýokary derejede guramaga örän amatlylygy bilen tapawutlanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň