Uwe Hasbargen: “Öz zähmetime berlen şeýle ýokary baha üçin meniň begenjimiň we hoşallygymyň çägi ýok”

0
805
12
0

—Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň elinden Türkmenistanyň iň ýokary döwlet sylaglarynyň birini — “Bitaraplyk” ordenini almagym meniň üçin uly hormatdyr — diýip, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor, Mýunhen şäheriniň Uniwersitet klinikasynyň direktorynyň orunbasary Uwe Hasbargen Türkmenportala beren beýanatynda aýtdy. — Adamlaryň saglygynyň hatyrasyna alnyp barylýan türkmen-german hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine goşan goşandyma berlen şeýle ýokary baha üçin meniň bagtyýarlygymyň, döwlet Baştutanyna bolsa hoşallygymyň çägi ýok.

Türkmen lukmanlaryny hünär baýramy, enäniň we çaganyň saglygyny goramakda ýeten belent sepgitleri bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Maňa köp ýyllaryň dowamynda “Ene mähri” enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş Halkara merkezinde türkmen hünärmenleri bilen el-ele berip işlemek miýesser etdi. Lukmançylygyň öňüni alyş ösüş ugurlaryny peýdalanmak bilen, nesil yzarlaýan we dogabitdi keselleriň öňüni alyş we duýduryş çäreler toplumy işlenip taýýarlanyldy. Häzirki günde prenetal barlaglaryny geçirmek çagalaryň nesil yzarlaýan keselleri bilen dogulmagynyň öňüni alýar. Barlaglaryň bu görnüşi göwreliligiň irki döwründe “Ene mähri” merkezinde bar bolan iň täze enjamlaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Bu lukmançylyk kömegini bermegiň ýokary — üçünji derejesine degişlidir.

“Ene mähri” merkeziniň hünärmenleri bilen hyzmatdaşlyk türkmen-german ylmy taslamany üstünlikli tamamlamaga ýardam berdi. Alnan netijeler bilelikdäki işiň uly mümkinçiliklerini we olardan peýdalanmagyň gerekdigini ýüze çykardy.

“Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň 20 ýyllygynyň, şeýle hem saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň baýram edilýän günlerinde “Ene mähri” merkeziniň öz işine ökde agzybir kollektiwine eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak işinde üstünlikler arzuw edýärin.

Türkmenistanda kärdeşlerimiz bilen ýokary hünär derejesinde tejribe alyşmaga döredilen mümkinçiligi üçin Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildiresim gelýär. Biz bu hyzmatdaşlygy uzak ýyllaryň dowamynda üstünlikli dowam etdireris diýip umyt edýärin. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru