Soňky habarlar

Arhiw

Ýöriteleşdirilen dikeldiş merkezi açyldy

10:5021.07.2015
0
7293

Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde ýöriteleşdirilen dikeldiş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. 120 orunlyk täze lukmançylyk edarasy bikanun neşe dolanyşygy, neşe serişdelerine we psihotrop maddalaryna garaşly adamlara degişli 2011—2015-nji ýyllar aralygyndaky milli maksatnamany, şeýle hem Türkmenistanda 2012—2016-njy ýyllarda çilimkeşlige garşy göreş çäreleriniň meýilnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde guruldy we ýokary tehnologik enjamlar bilen enjamlaşdyryldy.

Anyklaýyş bölümi we  maslahat beriş otaglary 3 gatly binanyň 1-nji gatynda ýerleşýär, merkeziň 2-nji we 3-nji gatlarynda bejeriş bölümleri ýerleşýär. Bu merkez  Germaniýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilendir.

Bu ýerde bejerişiň we dikeldişiň has öňdebaryjy we netijeli usullaryny, şol sanda terapiýa we psihoterapiýa kesellerden saplanmagyň netijeli usullaryny ulanmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem merkezde iňňe bilen bejermek, fizioterapiýa, palçyklar bilen bejermek hem-de beýleki bejeriş usullary giňden ulanylar. Näsaglaryň saglygyny dikeltmekde zähmet bilen meşgullanmak aýratyn orna eýe bolar—olaryň ygtyýarynda agaç ussaçylyk we tikin ussahanalary bolar. Bu ýerde sport bilen meşgullanmak üçin hem şertler göz öňünde tutulandyr—açyk we ýapyk sport zallary, woleýbol, basketbol we futbol meýdançalary näsaglaryň ygtyýarynda bolar.

Dikeldiş merkeziniň giň we oňaýly  naharhanasy bu ýerde dikeldiş işlerini geçýän näsaglara datly tagamlary, şol sanda bu ýerdäki teplisada ýetişdirilen gök önümlerden taýýarlanan naharlary hödürlär. Fito-barda bolsa türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan çaýlaryň köp görnüşinden peýdalanmak bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň