2015/2016-njy okuw ýyly üçin Türkmenistanyň milli sport we syýahatçylyk institutynda talyplyga dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmek başlandy

0
1398
1
0

TÜRKMENISTANYŇ MILLI SPORT WE SYÝAHATÇYLYK INSTITUTY

2015/2016-njy okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky

ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Sport (hünärler: sport; sport žurnalistikasy; ýokary derejeler sporty; bedenterbiýe; sagaldyş işi).

2. Syýahatçylyk (hünärler: myhmanhana işewürligi; syýahatçylyk işewürligi).

3. Menejment (hünär: sport desgalaryny dolandyrmak).

4. Maliýe işi we karzlar (hünär: sporty maliýeleşdirmek).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2015-nji ýylyň 11-27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

- bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

- umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

- 3x4 möçberde sekiz sany fotosurat;

- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

- sportsmeniň kämillik kitapçasy (sport, ýokary derejeler sporty, bedenterbiýe, sport žurnalistikasy, sagaldyş işi hünärleri boýunça I derejeden pes bolmadyk) we sport mekdebinden hödürnama (sport ugruna okuwa girýänler üçin);

- giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, Türkmenistanyň çempionlary we halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

- şahsy pasportyny;

- Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Aşgabat şäherinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Aşgabat şäheri — iýul aýynyň 30-31-i, awgust aýynyň 3-i we 5-i günleri

 Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 1-2-si, 4-i we 6-sy günleri

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 7-8-i, 11-i we 13-i günleri

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 9-10-y, 12-si we 14-i günleri

Mary welaýaty — awgust aýynyň 15-16-sy, 19-y we 21-i günleri

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 17-18-i, 20-si we 22-si günleri

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

sport, ýokary derejeler sporty, sagaldyş işi hünärleri - sportuň saýlanan görnüşi (okuwa girýänler institutda alnyp barylýan sportuň 43 görnüşiniň birinden tassyklanylan möçbernamany ýerine ýetirmeli), biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

bedenterbiýe hünäri - “Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly şygar bilen geçirilýän Milli spartakiadanyň maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän sport görnüşiniň birinden tassyklanan möçbernamany ýerine ýetirmeli), biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

myhmanhana işewürligi, syýahatçylyk işewürligi, sport žurnalistikasy hünärleri - Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş;

sport desgalaryny dolandyrmak, sporty maliýeleşdirmek hünärleri - matematika, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Biologiýa, Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, matematika we jemgyýeti öwreniş derslerinden giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýärler.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

- Türkmenistanyň “Olimp” orta sport mekdebini tamamlan ýokary derejeli türgenler;

- saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

- harby gullugy tamamlap gelenler;

- 2011-2015-nji ýyllarda geçirilen halkara ýaryşlaryň ýeňijileri;

- 2011-2015-nji ýyllarda sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary.

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40; tel.: 22-65-37, 22-68-61.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru