Türkmenistanyň Prezidenti Saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerini Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen gutlady

08:4621.07.2015
0
8215

Hormatly saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň zähmetsöýer işgärleri!

Mähriban halkym!

Sizi «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllyk şanly baýramy hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Halkymyzyň saglygy abadan hem-de bagtyýar durmuşymyzyň berk binýadydyr, ähli rowaçlyklarymyzyň we üstünliklerimiziň gözbaşydyr. Şonuň üçin hem, bu şanly baýramyň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän mähriban halkymyzyň kalbynda ýatdan çykmajak guwanç we buýsanç duýgularyny döretjekdigine berk ynanýaryn!

Sagdynlyk, ruhubelentlik, bagtyýarlyk halkymyzyň gadymy döwürlerden gözbaş alýan durmuş ýörelgeleridir. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda halkymyzyň asyrlaryň synagyndan geçen asylly däplerine eýerip, döwletimiziň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramak, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, saglygy goraýyş ulgamyny düýpli özgertmek hem-de dünýä tejribeleriniň esasynda yzygiderli ösdürmek maksady bilen, uly işlere badalga berdik. 1995-nji ýylyň 21-nji iýulynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny kabul etmek bilen, ilkinji nobatda, milli saglygy goraýyş ulgamynyň uzakmöhletleýin ösüş ýollaryny, maksatlaryny we wezipelerini kesgitledik. Geçen 20 ýylyň dowamynda mähriban halkymyzyň we saglygy goraýyş işgärleriniň yhlasly zähmeti netijesinde, bu maksatnama tapgyrma-tapgyr üstünlikli durmuşa geçirildi.

Eziz watandaşlar!

Welaýatlarda we Aşgabat şäherinde durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy özgertmeler bilen bir hatarda, häzirki zamanyň iň ösen we ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş merkezleri, hassahanalar, şypahanalar gurlup, ulanmaga berildi. Ýerli çig mallardan ýokary hilli derman serişdelerini öndürýän kärhanalar bina edildi, milli lukmançylyk ylmynyň binýady tutuldy, köp sanly ylmy-kliniki merkezler döredildi. Lukmançylykda dünýä tejribesiniň gazanan iň öňdebaryjy tehnologiýalaryny we usullaryny ulanmak arkaly ilatymyza edilýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hili ýokarlandyryldy.

Şu ýyl hem «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllyk şanly baýramy hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Aşgabat şäherinde 670 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezini, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezini, Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkeziniň binalaryny, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda Baş dermanhana birleşiginiň döwrebap ammaryny we Tejen şäherinde 120 orunlyk Ýöriteleşdirilen dikeldiş merkezini açyp, ulanmaga berdik. Şeýle hem Aşgabat şäherinde täze saglyk desgalarynyň düýbüni tutduk.

Taryh üçin uzak bolmadyk bu döwürde saglygy goraýyş hyzmatlaryny guramakda gazanylan üstünlikler, ilatymyzyň sagdyn, bolelin hem-de bagtyýar durmuşyny üpjün etmek babatynda döwletimiziň ýeten belent sepgitleri bütin dünýäde ykrar edilýär.

Türkmenistanda drakunkulýoz, poliomiýelit, gyzzyrma keselleriniň ýokdugyny, şeýle hem unuň demir we foliý turşusy, duzuň ýod bilen baýlaşdyrylandygyny tassyklaýan möhüm halkara resminamalary, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine «Ýewropa hili» halkara sylagynyň gowşurylmagy, bu Uniwersitetiň Awisenna direktoratlygynyň Bütindünýä maglumatlar goruna girizilmegi bu ugurdaky netijeli işlerimiziň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.

Eziz watandaşlar!

Döwletimiziň beýik geljegi halkymyzyň bagtyýar we sagdyn durmuşy bilen berk baglanyşyklydyr. Berkarar döwletimizde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli ähli özgertmelerimiziň, durmuşa geçirilýän toplumlaýyn maksatnamalarymyzyň esasy maksady halkymyzyň bagtyýar we sagdyn durmuşy üçin zerur bolan şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Biz dünýäde parahatçylygyň we ynsanperwerligiň pugtalandyrylmagyny şertlendirýän hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly ähmiýet berýäris. Bu ugurda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy we beýleki abraýly halkara guramalary, şeýle hem Germaniýanyň we beýleki ösen döwletleriň halkara lukmançylyk we ylmy-barlag merkezleri bilen bilelikdäki möhüm taslamalaryň we maksatnamalaryň tutuş toplumyny üstünlikli durmuşa geçirýäris. 2013-nji ýylda Aşgabat şäherinde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa ministrler maslahatynyň geçirilmegi hem-de «Saglyk — 2020» syýasatynyň çäginde ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça Jarnamanyň kabul edilmegi, şeýle hem «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen bilelikde «Gazanan üstünliklerimizi berkitmek sagdyn geljegimiziň esasydyr» atly halkara saglygy goraýyş maslahatynyň geçirilmegi dünýä bileleşiginiň tagallalaryna we ýörelgelerine laýyk gelýän ösüş we parahatçylyk, döredijilik we ynsanperwerlik ýaly başlangyçlarymyzyň halkara derejesinde rowaçlanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň zähmetsöýer işgärleri!

Mähriban halkym!

Sizi «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllyk şanly baýramy hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň