Soňky habarlar

Arhiw

Ýakynda Gyrgyz Respublikasynda Türkmen-gyrgyz işewürler maslahaty geçiriler

16:3020.07.2015
0
1111

Şu ýylyň 4-nji awgustynda Bişkek şäherinde Türkmen-gyrgyz işewürler maslahaty geçiriler. Bu maslahat iki ýurduň Söwda-senagat edaralary tarapyndan guralýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 17-nji iýulda bolan mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna saglygy goraýyş, dokma senagaty, demir ýol pudagy, oba hojalygy, azyk senagaty, energetika, nebitgaz toplumy ýaly  ulgamlarda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin berlen teklipleri ara alyp maslahatlaşmaga we bilelikdäki çäreleri ylalaşmaga gönükdirilen çäräniň iş meýilnamasynyň taslamasy hödürlendi. Türkmen wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde gyrgyz senagat kärhanalaryna hem-de “Bişkek” erkin ykdysady zolaga baryp görmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bişkekde geçiriljek bu maslahatyň maksatnamasyny makullap, esasy ugurlaryň birnäçesi boýunça ozal gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmagyň meseleleri hem-de täze maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagyň mümkinçilikleri barada durup geçmek bilen, degişli düzümleriň işini utgaşdyrmak barada görkezme berdi. Milli Liderimiz maslahatyň işiniň ýurtlarymyzyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, haryt dolanyşygy düzüminiň hilini gowulandyrmaga, telekeçilik we tehnologik taslamalarynyň paýynyň artmagyna, hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini hem-de mümkinçiliklerini döretmäge ýardam etmeginiň örän möhümdigini belledi.

Bu barada TDH-nyň habarynda beýan edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň