Aşgabatdaky gurluşyklar döwlet ýolbaşçylarynyň gözegçiligine berkidildi

16:2520.07.2015
0
1601

Türkmneistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 17-nji iýulda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabat şäheriniň binagärlik keşbini mundan beýläk-de gözelleşdirmek, şeýle hem paýtagtymyzda 2015-2016-njy ýyllarda ýaşaýyş-durmuş, üpjünçilik, ulag-kommunikasiýa, inženerçilik, aragatnaşyk, energetika ulgamlaryny we jemagat hyzmatlaryny has-da gowulandyrmak boýunça işleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek üçin Aşgabat şäheriniň etraplarynda 2016-njy ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakynda” 2015-nji ýylyň 20-nji fewralynda çykaran 14128-nji kararyna hem-de “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly ýubileýine taýýarlyk görmek boýunça Aşgabat şäheriniň etraplarynda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasyny tassyklamak hakynda” 2015-nji ýylyň 30-njy martynda çykaran 14180-nji kararyna laýyklykda Aşgabat şäheriniň etraplarynda 2015-2016-njy ýyllarda ýerine ýetirmeli işlere degişli ýolbaşçylar  jogapkär edilip bellenildi.

Aşgabat şäheriniň häkimligine Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň