Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Halkara hirurgiýa we endokrinologiýa merkezi gurlar

16:2220.07.2015
0
4641

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 17-nji iýulda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň maddy enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, ilata ýöriteleşdirilen hirurgiýa we endokrinologiýa kömegini bermek, şeýle hem dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş desgalaryny gurmak işlerini dowam etdirmek maksady bilen, degişli Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Aşgabat şäheriniň Ata Türk köçesiniň ugrunda 300 orunlyk Halkara hirurgiýa we endokrinologiýa merkeziniň taslamasyny düzmek hem-de ony döwrebap lukmançylyk enjamlary, ätiýaçlyk şaýlary we sarp ediş serişdeleri bilen üpjün etmek, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp, hünärmenleri ýörite taýýarlamak şertinde gurmak barada “Gap Inşaat, Ýatirim ve Diş Ticaret A.Ş.” türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2015-nji ýylyň iýul aýynda başlamak we Halkara hirurgiýa we endokrinologiýa merkezini 2017-nji ýylyň iýul aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň