Arhiw

«Saglyk» Döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň Milli meýilnamasy kabul edildi

16:2220.07.2015
0
18123

Türkmneistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 17-nji iýulda ilatymyzyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, raýatlar üçin saglygy goramak babatda hemmetaraplaýyn deň mümkinçilikleri we şertleri üpjün etmek, saglygy goraýşy halkara ölçeglerine laýykda ösdürmek hem-de innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan kämil we ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek maksady bilen, şeýle hem 1995-nji ýylda kabul edilen “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň geçen 20 ýylda üstünlikli durmuşa geçirilendigini nazara alyp, degişli Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet maksatnamasy we şu maksatnamany ýerine ýetirmegiň 2015-2017-nji ýyllar üçin Milli meýilnamasy tassyklanyldy.

Ministrliklere, pudak edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Maksatnamanyň we Milli meýilnamanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň