Sergi köşgünde “Saglyk-2015” halkara sergisi öz işine başlady

07:3220.07.2015
0
11982

19-njy iýulda paýtagtyň Sergi köşgünde “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygyna hem-de ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanan “Saglyk-2015” halkara sergisiniň açylyş dabarasy boldy.

Bu iri pudaklaýyn sergini Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ýurdumyzyň Söwda- senagat edarasy bilen bilelikde gurady.

Bu halkara sergisi lukmançylyk ylmynyň gazananlaryny we saglygy goraýyş ulgamyna häzirkizaman usullarynyň ornaşdyrylyşyny äşgär edýän abraýly forum hökmünde ykrar edildi. Şu ýylky sergä dünýäniň 41 ýurdundan lukmançylyk ulgamynyň dürli ugurlaryna degişli wekiller gatnaşýar. Onda ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, iri ylmy-kliniki we bilim merkezleriniň, şypahanalarynyň bölümleri bilen bir hatarda derman serişdelerini, lukmançylyk enjamlaryny,  saglygy goraýyş ulgamynda dürli hyzmatlary ýerine ýetirýän düzümleriň, sarp ediş serişdelerini öndürýän kompaniýalaryň 251-siniň bölümleri ýerleşdirildi. Aýratyn-da bu sergide Ýewropa ýurtlarynyň 137 kompaniýasy önümlerini görkezýär.  Olaryň 25-si şu sergä ilkinji gezek gatnaşýar.

Sergide Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Russiýanyň, Hindistanyň, Hytaýyň, Türkiýäniň we ABŞ-nyň lukmançylyk pudagynyň  kompaniýalary önümlerini görkezýärler.

Sergä gelýänler bu gözden geçirilişe gatnaşýanlaryň iň täze lukmançylyk enjamlaryny öndürmekde we ibermekde, lukmançylyk desgalaryny gurmakda eýe bolan mümkinçilikleri bilen tanyşýarlar. Sergide derman önümleriniň dürli görnüşleri, iň täze lukmançylyk-anyklaýyş, barlaghana we bejeriş enjamlary, ýörite  tehnikalar we mebeller, dürli gurallar, hyzmatlaryň görnüşleri, lukmançylygyň köp ugurlarynda peýdalanylýan innowasiýa işläp taýýarlamalary, tebigy kosmetika serişdeleri we beýlekiler giňden görkezilýär. Lukmançylygyň dürli ugurlarynda ornaşdyrylýan täzeçil ylmy işläp taýýarlamalar, ýokary kompýuter tehnologiýalary görkezilýän bölümler hünärmenleriň aýratyn üns bermegine eýe boldy.

Türkmenistanyň saglygy goraýyş senagatynyň gazananlaryna bagyşlanyp  sergi köşgünde ýaýbaňlandyrylan  sergide ylmy hem-de usulyýet edebiýaty, ylmy-barlag institutlarynyň we klinikalaryň alymlarynyň işläp taýýarlamalary giňden görkezilýär. Sergä ýurdumyzyň döwlet edaralary we ylym-bilim merkezleri, hususy kompaniýalar gatnaşýar.

“Ýewropa hili” abraýly baýragyna mynasyp bolan we Bütindünýä lukmançylyk bilim federasiýasy tarapyndan “Awissenna direktoraty” bütindünýä maglumatlar gaznasyna girizilen Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň sergi bölüminde ýurdumyzyň iri lukmançylyk ýokary okuw mekdebinde alnyp barylýan bilim we ylym-barlag işleri hakynda gürrüň berilýär. Türkmenistanyň Milli gyzylýarymaý jemgyýetiniň diwarlygynda bu guramanyň işiniň esasy ugurlary, BMG-niň Ilat gaznasynyň we beýlekileriň diwarlyklarynda türkmen kärdeşleri bilen bilelikdäki işler beýan edilýär.

“Saglyk-2015” sergisi ýurdumyzyň lukmançylygynyň okgunly ösüşini hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň ýeten derejesini şöhlelendirip, önümleri ýerlemek, işewürligi ösdürmek, bazary öwrenmek,  ýurdumyzyň dürli künjeklerinden we daşary ýurtlardan gelen hünärmenler bilen duşuşyklary geçirmek üçin amatly meýdançadyr. Şonuň üçin hem bu sergide Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kompaniýalaryň köpüsiniň bu çärä gatnaşmagy kanunalaýykdyr. Olaryň hatarynda “Ýowşan”, “Çebşek”, “Dertdeş”, “Yşgyn”, “Dag oty”, ”Dermanhyzmat”, “ÝEM” hususy kärhanalary, “Saglyk” hojalyk jemgyýeti we beýlekiler bar. Olar saglygy goraýyş ulgamynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmak bilen, türkmen bazaryna dünýä belli derman kompaniýalarynyň önümlerini hem-de lukmançylyk enjamlaryny  getirýärler, maslahat beriş-anyklaýyş hyzmatlaryny edýärler, maslahat beriş-anyklaýyş hyzmatlaryny edýärler, lukmançylyk enjamlaryna hyzmaty amala aşyrýarlar.

Aýry-aýry diwarlyklar Aşgabadyň iri ylmy-kliniki merkezleriniň, şäheriň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň paýtagtymyzyň we welaýatlaryň saglygy goraýyş müdirlikleriniň işleri, türkmen lukman alymlarynyň ylmy işläp taýýarlamalary, şeýle hem täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde geçirilýän barlaglar hakynda gürrüň berýär. Ýurdumyzyň derman senagatynyň gazananlary hem sergä gelýänlerde uly gyzyklanma döredýär.

Sergä gelýänler we  bu çärä daşary ýurtly gatnaşyjylar Türkmenistanyň işjeň ösdürilýän sagaldyş-şypahana ulgamynyň mümkinçilikleri bilen içgin gyzyklandylar. “Baýramaly”, “Berzeňňi”, “Arçman”, “Ýyly suw”, “Farap”, “Mollagara”, “Daşoguz” şypahanalary öz mümkinçiliklerini hödürleýär, olar häzirki zaman anyklaýyş we bejeriş enjamlary bilen üpjün edilendir, dünýäniň belli öndürijileriniň enjamlarynyň esasynda ýerli çeşmeleri peýdalanmak bilen sagaldyş hyzmatlarynyň giň toplumy hödürlenilýär. Dürli tebigy aýratynlyklar, mineral suwly çeşmeler türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikleri –bularyň ählisi şypahana-dynç alyş ulgamyny, ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmek üçin täsin mümkinçiliklerdir. Okgunly ösýän deňiz şypahanasy bolan "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy hyzmatdaşlara çäklendirilmedik mümkinçilikleri hödürleýär – bu taslama Türkmenistany ösdürmegiň strategiki meýilnamalary bilen göniden-göni baglanyşykly bolup, giň halkara hyzmatdaşlygy üçin hil taýdan täze mümkinçilikleri açýar.

Serginiň birinji güni möhüm ähmiýetli şanly waka beslendi – Sergi merkeziniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik eseriniň ýedinji jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen bu düýpli ylmy eserleriň ýedinji jildi Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2009-njy ýylda döreden we dünýäniň dürli dillerine terjime edilen ylmy işiniň dowamydyr. “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaplaryň döredilmeginiň diňe bir ýurdumyzyň lukmançylyk ylmynyň ösdürilmeginde däl, eýsem dünýä fitoterapiýasynyň kämilleşdirilmeginde möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemeli. 

Dermanlyk ösümlikleriň elipbiý tertibindäki häsiýetnamasy ýedinji jildiň    esasyny düzýär. Onda 107 görnüşli dermanlyk ösümlikler hakynda doly maglumat berilýär. Olaryň her görnüşi bitewi ulgam arkaly häsiýetlendirilýär.  Ösümlikleriň daşky görnüşi, biologik aýratynlyklary, ýaýran ýerleri, tebigy gorlary, düzümindäki dermanlyk serişdeler, himiki düzümi derman taýýarlamagyň we ulanmagyň usullary barada gürrüň berilýär. Şeýle hem awtor dermanlyk serişdeleri ýygnamagyň möwsümleri, ony saklamagyň usullary we kadalary, ekologiýa ähmiýeti barada habar berýär.

Dermanlyk ösümliklerini beýan etmek ýörite suratlar arkaly amala aşyrylýar. Oňa ösümlikleriň farmakoterapiýa aýratynlyklaryny görkezijilerini we rus-latyn-türkmen sözlügini özünde jemleýän gollanma berkidilendir. Haýsy ugur boýunça giňişleýin maglumat almak isleýän adam bu ýerden görkezijileri tapyp biler. Türkmenistanyň Prezidentiniň düýpli ylmy işiniň ýedinji jildi ozalkylary ýaly, aýry-aýrylykda,türkmen, iňlis we rus dillerinde köpçülikleýin nusgada çap edildi.

Ylmy işiň tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyjylar “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabyň täze jildiniň  ähmiýetini we ägirt uly tejribe gymmatlygyny bellediler. Täze neşiriň düýpli öwrenilmeginiň we giňden wagyz edilmeginiň zerurdygyny bellemek bilen, lukmançylyk toparlarynyň wekilleri sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine gönükdirilen bu kitabyň giň okyjylar köpçüligi üçin örän ähmiýetli boljakdygyny nygtadylar.

“Saglyk-2015” halkara sergisi 21-nji iýula çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň