Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda “Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda gallaçylyk pudagynda ýetilen sepgitler” atly ylmy-önümçilik maslahaty geçirildi

07:4019.07.2015
0
5512

18-nji iýulda her ýyl iýul aýynyň üçünji ýekşenbesinde bellenilýän Galla baýramynyň öň ýanynda paýtagtymyzdaky Oba hojalyk toplumynyň mejlisler zalynda “Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda gallaçylyk pudagynda ýetilen sepgitler” atly ylmy-önümçilik maslahaty geçirildi. Ony Oba hojalyk ministrligi, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi, Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guradylar.

Maslahata oba hojalyk pudagynyň esasy hünärmenleri, alymlar, ugurdaş ylmy-barlag institutlarynyň işgärleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Maslahatyň hormatly myhmanlarynyň hatarynda belli ekerançylar, zähmet weteranlary, hormatly ýaşulular, ýurdumyzyň ähli sebitlerinden öňdebaryjy hojalyklaryň ýolbaşçylary bar.

Ýurdumyhyň zähmetsöýer ekerançylarynyň hormatyna esaslandyrylan Galla baýramy orak möwsüminiň üstünlikli tamamlanandygyny alamatlandyrýar. Ählhalk dabarasy bolan bu baýram gallaçy daýhanlaryň ýadawsyz zähmeti netijesinde bol hasyl berýän bereketli topraga özboluşly hoşallyk senasydyr.

Bitaraplyk we parahatçylyk şygary astynda geçýän şu ýyl şanly wakalara baýdyr. Ýurdumyzyň gallaçylary Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli amal edip, halkymyzyň abadançylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga uly goşant goşdular. Amatsyz gelen howa şertlerine garamazdan, Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak ak bugdaý tabşyryldy. Munuň özi ýurdumyzyň edermen ekerançylarynyň çylşyrymly howa şertlerinde hem gallanyň bol hasylyny ýygnamakda ýeterlik tejribesiniň we başarnygynyň bardygyna şaýatlyk edýär.

Galla baýramyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň söwda merkezinde geçirilýän “Rysgal başy bugdaýdyr” atly sergi bilen açyldy. Onda ýurdumyzyň telekeçilik düzümleriniň öndürýän çörek we çörek önümleriniň dürli görnüşleri görkezilýär.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda ýaýbaňlandyrylan türkmen suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň döredijilik işleriniň sergisi daýhanlaryň zähmetini we ene topragyň tükeniksiz jomartlygyny wasp edýär. Paýtagtymyzyň “Parahat” medeni-dynç alyş merkezinde ussat gallaçylaryň we oba hojalyk işgärleriniň gatnaşmagynda  baýramçylyk çäresi geçirildi.

Oba hojalyk toplumynda geçirilen ylmy-önümçilik maslahaty umumy mejlis bilen açyldy, onda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli halkymyza, zähmetsöýet babadaýhanlara, edermen gallaçylara iberen Gutlagy okaldy.

Döwlet Baştutany baýramçylyk mynasybeli tüýs ýürekden gutlamak bilen, “Biziň baş maksadymyz ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekden ybaratdyr. Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy sünnäläp, sungat derejesine ýetiren daýhançylyk kärini häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen baýlaşdyrmakda, dünýäniň ýokary öndürijilikli kämil tehnikalaryna başarnykly erk edip, öndürijilikli zähmet çekmekde, ähli zehinini, gujur-gaýratyny siňdirip, bol hasyl ýetişdirmekde nusgalyk iş bitirýän, başarjaň daýhanlarymyz sanardan köp” diýip belleýär.

Ýurdumyza BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Üçünji müňýyllygyň ösüş maksatlarynyň biri bolan hem-de bu guramanyň 2015-nji ýyl üçin maksatnamasynda kesgitlenilen wezipeleriň biri bolan azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde ýetilen sepgitler üçin ýörite baýragynyň gowşurylmagy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli syýasatynyň netijelidiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Munuň özi biziň Watanymyzyň ägirt uly üstünlikleriniň, şol sanda oba hojalyk pudagynda gazanan belent sepgitleriniň dünýä derejesinde nobatdaky gezek ykrar edilmegidir. Şu gezekki orak möwsüminde gazanylan netijeler ýurdumyzyň gallaçylyk pudagynyň we obaseneget toplumynyň ugurdaş pudaklaryny, şol sanda pudagyň düzümlerini gaýtadan enjamlaşdyrmaga we döwrebaplaşdyrmaga, öňde baryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, ekerançylary ýokary hilli tohum serişdeleri we zerur bolan mineral dökünler bilen üpjün etmäge gönükdirilen ösüş makstnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleri netijesinde mümkin boldy.

Geçen ýyl esasy galla öndüriji sebitlerde bina edilip ulanma berlen, iň täze enjamlar we barlaghanalar bilen üpjün edilen häzirki zaman elewatorlarynyň umumy sygymy 360 müň tonna dänä deň bolup, olar ýygnalan hasyly ýokary hilli gaýtadan işlemäge we saklamaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň gallaçylarynyň gazanan zähmet üstünligi Türkmenistan üçin azyklyk bugdaýy daşary ýartlara iberýän ýurt hökmünde okgunly önsüşi nukdaýnazaryndan hem ägirt uly ähmiýete eýedir.

Soňra maslahat Oba hojalyk toplumynyň mejlisler zalynda we Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde aýry-aýry bölümlerde öz işini dowam etdi. Olaryň gün tertibine ýurdumyzda gallaçylygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm wezipeleri, öňdebaryjy oba hojalyk tehnikasynyň önümçilige ornaşdyrylmagy, tohumçylyk we seçgi işinde ylmy-barlag işleriniň netijeleri, gallany senagat taýdan gaýtadan işlemekde iň täze tehnologiýalary peýdalanmak ýaly meseleler girizildi.

Agşam meslahata gatnaşyjylar, paýtagtymyzyň köpsanly myhmanlary – iň gowy gallaçylar we mehanizatorlar türkmen paýtagtynyň günorta-gündogar böleginde bina edilen “Ak bugdaý” binasynyň öňündäki meýdança ýygnandylar, bu ýerde ekerançylaryň hormatyna medeniýet we sungat ussatlarynyň, döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň