Oraza baýramy mynasybetli Aşgabatda, ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda baýramçylyk çäreleri geçirildi

07:2519.07.2015
0
11434

18-nji iýulda gadymy türkmen topragynda, tutuş musulman dünýäsinde bolşy ýaly, 30 günläp dowam eden mukaddes Oraza aýynyň tamamlanandygyny alamatlandyrýan röwşen Oraza baýramy bellenildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Oraza baýramy mynasybetli ähli türkmenistanlylary gutlap, belent ruhy gymmatlyklaryň –ynsanperwerligiň we sahawatlylygyň, hoşniýetliligiň hem-de ahlak tämizliginiň dabaralanmasy bolan ählihalk baýramynyň türkmen halkynyň durmuşyndaky ägirt uly ornuny belledi we Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna Beýik Biribaryň mukaddes Oraza aýynda amala aşyran sogap işleriniň, Watanymyzyň abraýynyň bütin dünýäde artmagy, ýurdumyzyň we halkymyzyň abadançylygy baradaky doga-dilegleriniň kabul bolmagyny arzuw etdi.

Ir säher bilen Türkmenistanyň ähli metjitlerinde baýram namazy okaldy, Beýik Taňra parahatçylykly durmuş we sogap işleri amala aşyrmaga mümkinçilik üçin hoşallyk sözleri beýan edildi. Ýurdumyzyň ilaty milletiň Lideriniň daşynda pugta jebisleşip, tutanýerli zähmet çekjekdiklerine hem-de ösüp gelýän ýaş nesli ata-babalarymyzyň gadymy däp-dessurlary ruhunda terbiýeläp ýetişdirmek üçin güýjüni we tejribesini aýamajakdyklaryna ynandyrdylar.

Biziň ýurdumyzda mukaddes Oraza baýramy türkmenleriň ata-babalarynyň gadymy däpleri boýunça röwşen duýgular, asylly isleg-arzuwlar bilen uly agzybir maşgala hökmünde bellenilýär. Oraza baýramy biziň durmuşyň ähli oňatlyklaryna bolan ynamymyzy pugtalandyrýar, saýlap alan ýolumyzda ýokary sepgitlere ýetmek üçin güýjümizi artdyrýar. Asylly däbe görä, bu gün baýram namazyndan soň öz ýakynlarymyzyň, dostlarymyzyň we goňşularymyzyň öýlerine baryp, olara parahatçylyk we abadançylyk arzuw edip, “Namaz orazalar kabul bolsun!”, “Orazalar kabul bolsun!” we “Oraza baýramyňyz gutly bolsun!” diýip ýüzlenýäris.

Hakykatdan hem şatlygy we rehimdarlygy alamatlandyrýan Oraza baýramyny biz bilen bilelikde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen mukaddes Gadyr gijesiniň öň ýanynda tussaglykdan boşadylan raýatlarymyzyň 1061 –si öz maşgalalarynyň arasynda garşylaýarlar, olar päk zähmeti bilen öz günälerini ýuwup, durmuşyny oňatlyga özgertmäge mümkinçilik aldylar. Bu rehimdarlyk çäresi milletiň Lideriniň türkmen halkynyň köpasyrlyk ruhy ýörelgelerine, şeýle hem Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe “Döwlet adam üçindir!” atly şygary öz işiniň baş maksady edip goýan Türkmenistanyň Prezidentiniň döwletiň her bir raýaty hakyndaky yzygiderli aladasynyň beýany boldy.

Oraza baýramy mynasybetli Aşgabatda, ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda baýramçylyk çäreleri geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň