Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlarymyzy Galla baýramy bilen gutlady

0
714
0
0

Mähriban halkym!

Edermen gallaçy babadaýhanlar!

Sizi ýurdumyzda her ýylyň iýul aýynyň üçünji ýekşenbesinde uly dabara bilen bellenýän Galla baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny arzuw edýärin!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen daýhanlarynyň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertleriň döredilmegi, olaryň halal zähmetine mynasyp baha berilmegi edermen daýhanlarymyzyň ene topraga yhlas siňdirip, bol hasyl öndürmäge we belent sepgitlere ýetmäge hem-de çekýän zähmetiniň hözirini görmäge höwesini has-da artdyrýar.

Biz babadaýhanlarymyza öndürijilikli zähmet çekmek, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen baýamak üçin ähli şertleri döredýäris. Ekin meýdanlaryny işläp bejermekde, ýetişdirilen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almakda daýhanyň daýanjy bolan kämil, ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynmagy, topragyň berekedini artdyrýan mineral dökünler, tohumlar we ekinleriň zyýankeşlerine garşy ulanylýan himiki serişdeler bilen daýhanlaryň doly üpjün edilmegi hem-de önüm öndürijiler bilen öz wagtynda hasaplaşyklaryň geçirilmegi munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Eziz watandaşlar!

Merdana babadaýhanlar!

Biz daýhanlarymyzyň tutanýerli zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen galla hasylynyň ýekeje dänesini hem zaýa etmän, bildirilýän talaplara laýyklykda saklamak maksady bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynda döwrebap elewatorlary we un öndürýän kärhanalary yzygiderli gurýarys. Bu elewatorlar ýurdumyzda öndürilýän galla hasylynyň möçberlerini artdyrmaga hem-de şonuň bilen birlikde, döwletimizde azyk bolçulygyny has-da berkitmäge uly mümkinçilikleri döredýär.

Halkymyzyň ruhubelentlik bilen çekýän zähmetinden rowaçlanýan eziz Diýarymyz bu gün dünýäniň iň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Biz ýurdumyzda beýleki pudaklar bilen bir hatarda, oba hojalygyny ösdürmäge hem aýratyn üns berýäris. Çünki oba hojalygynyň ösdürilmegi ýurdumyzyň ykdysady binýadyny berkitmäge uly itergi berýär. Oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan özgertmeler, oýlanyşykly kabul edilýän çözgütler türkmen topragynda öndürilýän ýokary hilli önümleri daşary ýurtlara ibermäge mümkinçilik berýär. Netijede, häzirki wagtda gallaçy babadaýhanlarymyzyň öndürýän ak bugdaýynyň ýurdumyzyň içerki sarp edijilerinden artýan bölegi daşarky bazarlara ýerlenýär.

Hormatly oba hojalyk işgärleri!

Edermen gallaçy babadaýhanlar!

Biziň baş maksadymyz ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekden ybaratdyr. Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy sünnäläp, sungat derejesine ýetiren daýhançylyk kärini häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen baýlaşdyrmakda, dünýäniň ýokary öndürijilikli kämil tehnikalaryna başarnykly erk edip, öndürijilikli zähmet çekmekde, ähli zehinini, gujur-gaýratyny siňdirip, bol hasyl ýetişdirmekde nusgalyk iş bitirýän, başarjaň daýhanlarymyz sanardan köp.

Sahawatly türkmen topragyndan ak bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmekde we ýitgisiz ýygnap almakda ussat kärendeçiler ýokary netijeleri görkezýärler.

Olardan Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Annagül Baýramowa, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň «Pürnüwar» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Mergenmyrat Baýramow, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň «Abadanlyk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Sapargül Işanowa, Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Agajan Şaýyýew, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Zöhregül Öwezowa ýaly ussat gallaçylarymyzyň bitiren işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Edermen babadaýhanlarymyzyň köp yhlas siňdirip çeken zähmetiniň netijesinde öndürilýän bol bugdaý hasyly eşretli durmuşda ýaşaýan bagtyýar halkymyzyň halal ojaklarynyň berekedidir, bedew bady bilen öňe barýan berkarar döwletimiziň abadançylygynyň berk binýadydyr, gadymy topragymyzyň hiç wagt egsilmejek rysgal çeşmesidir.

Eziz watandaşlar!

Edermen gallaçylar!

Sizi bereketli türkmen topragynda öndürilýän ak bugdaýyň sahawatynyň şanyna tutulýan Galla baýramy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ata-babalarymyzyň şöhratly daýhançylyk däplerini dowam etdirip, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen topragynda ak bugdaýyň berekedi hiç haçan egsilmesin!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru