Türkmenistanda Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet günleri geçiriler

11:1318.07.2015
0
3156

4—6-njy awgustda Türkmenistanda Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet günleri geçiriler. Bu çärä gatnaşmak üçin Aşgabada dostlukly ýurduň wekiliýeti geler.

Döredijilik forumynyň çäklerinde HHR-iň medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertleri, şeýle hem hytaý amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guralar.

Myhmanlar üçin medeni maksatnama taýýarlanyldy. Olar türkmen paýtagtynyň muzeýlerine we beýleki täsin ýerlerine baryp görerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň