Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Geňeş agzalygyna we Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgärleri bellige almak işi dowam edýär

10:5118.07.2015
0
2441

Türkmenistanda möhüm jemgyýetçilik syýasy çäräniň çäklerinde Geňeş agzalygyna hem-de aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisine deputatlyga dalaşgärleri bellige almak işi we olaryň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär.

Türkmen jemgyýetini we döwletini demokratiýalaşdyrmagyň ýolunda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň nobatdaky tapgyry bolup durýan bu syýasy-jemgyýetçilik çäreleriniň geçiriljek wagtyna bir aýdan hem az wagt galdy.

Dalaşgärleri hödürlemek syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de birleşikleriniň, şeýle-de raýatlar toparlarynyň mejlislerinde we ýygnaklarynda amala aşyryldy. Bu çäre saýlawçylaryň giňden gatnaşmagynda geçirilip, oňa jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de döwlet düzümleriniň wekilleri tarapyndan ýerlerde guralan ilat bilen geçirilen işler ýardam etdi. Dalaşgärler bellige alnandan soň, öz ynanylan adamlary saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirmek, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly wagyz-nesihat etmek işlerine girişýärler.

Ähli saýlaw okruglary boýunça bir orna birnäçe dalaşgär dalaş edýär. Munuň özi saýlawlaryň giň bäsdeşlik we açyklyk esasynda geçirilmegini üpjün eder. Saýlawlara milli synçylaryň gatnaşmagy bolsa saýlawlaryň açyk geçirilmegine ýardam eder.

Dünýä tejribesinde giňden ulanylýan bu demokratiki ýörelgeler ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna iň mynasyp adamlaryň ynsaply, zähmetsöýer, guramaçylyk ukyplaryna, işjeň durmuş we raýat nukdaýnazaryna eýe bolan, giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmelerini durmuşa geçirmek üçin gujur-gaýratyny, bilimini we tejribesini sarp etmäge taýýar adamlaryň saýlanylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Milli kanunçylyga laýyklykda dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşmagy, saýlawlaryň öň ýanyndaky ýygnaklarda, maslahatlarda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmegi üçin deň şertler döredildi. Ähli raýatlara hem-de jemgyýetçilik birleşiklerine dalaşgärleriň işewür we şahsy häsiýetlerini erkin hem-de hemmetaraplaýyn ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem ýygnaklarda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde wagyz etmek hukugy berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň