Aşgabatda bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň üçünji mejlisi geçiriler

0
500
0
0

23—24-nji iýulda Aşgabatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň üçünji mejlisi geçiriler.

Duşuşygyň gün tertibine dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn netijeli gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüşi bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Nebithimiýa toplumynda, energetika, senagat, ulag, gurluşyk, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak ulgamlarynda, bilim, saglygy goraýyş, sport hem-de syýahatçylyk ugurlarynda türkmen-tatar gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri hakynda pikir alyşmalar bolar.

Iş toparynyň birinji mejlisi 2012-nji ýylyň 26-njy aprelinde Aşgabat şäherinde geçirilipdi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň döwlet düzümleriniň, şol sanda öňdebaryjy pudaklaryň ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri gatnaşypdylar. Bilelikdäki söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-tatar iş toparynyň mejlisi 2014-nji ýylyň noýabrynda Kazanda geçirilipdi.

Şonda söwda-ykdysady ulgamynda, nebit-gaz toplumynda, ulag, energetika, oba hojalygy, dokma we azyk senagatynda, maşyn gurluşygynda, saglygy goraýyşda we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň gelejegi jikme-jik ara alnyp maslahatlaşylypdy.

Dünýä tejribesinde giňden ulanylýan bu demokratiki ýörelgeler ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna iň mynasyp adamlaryň ynsaply, zähmetsöýer, guramaçylyk ukyplaryna, işjeň durmuş we raýat nukdaýnazaryna eýe bolan, giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmelerini durmuşa geçirmek üçin gujur-gaýratyny, bilimini we tejribesini sarp etmäge taýýar adamlaryň saýlanylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Milli kanunçylyga laýyklykda dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşmagy, saýlawlaryň öň ýanyndaky ýygnaklarda, maslahatlarda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmegi üçin deň şertler döredildi. Ähli raýatlara hem-de jemgyýetçilik birleşiklerine dalaşgärleriň işewür we şahsy häsiýetlerini erkin hem-de hemmetaraplaýyn ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem ýygnaklarda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde wagyz etmek hukugy berildi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru