Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti mukaddes Oraza baýramy bilen watandaşlarymyzy gutlady

09:4318.07.2015
0
13200

Mähriban halkym! 
Eziz watandaşlar!

Sizi medeniýetleriň özara baýlaşmagyna hem-de dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýän mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan mukaddes Oraza baýramy şükranalygy, ruhy päkligi, dostlugy, belent adamkärçiligi rowaçlandyrýar. Halkymyzyň ruhy dünýäsiniň we medeniýetiniň kemala gelmeginde bu gadymy baýramyň möhüm orny bardyr. Haýyr-sahawatlylygy dabaralandyrýan Oraza aýynyň her bir gününde halkymyz dini däp-dessurlaryny berjaý edip, ruhy we beden tämizligine, ahlak arassalygyna aýratyn üns berip, ýagşy dileg we arzuwlar bilen bu baýramy garşy alýar. Oraza baýramynyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda aýratyn orun eýelemegi, kalplarymyzyň tämizlenýän hem-de köňüllerimiziň nur bilen doldurylýan Oraza aýyna, sahawatly Gadyr gijesine aýratyn hormat-sarpa goýulmagy biziň jemgyýetimiziň ynsanperwerligiň belent däpleri esasynda kämilleşmegine döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berýändigimize şaýatlyk edýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Oraza baýramy milli däp-dessurlarymyza, gadymy adatlarymyza laýyklykda giňden bellenilýär. Bu baýram gününde ak mermerli paýtagtymyzda, eziz Diýarymyzyň ähli şäherdir obalarynda halkymyzy has-da jebisleşdirýän, bagtyýar nesillerimizde ynsanperwerlik we watansöýüjilik duýgularyny terbiýeleýän baý mazmunly baýramçylyk çäreleri geçirilýär.

Mähriban halkym!

Eziz Watanymyzyň dünýädäki abraýynyň has-da ýokarlanýan, milli medeniýetimiziň, maddy we ruhy gymmatlyklarymyzyň halkara derejesinde giňden dabaralanýan Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda sahawata baý Oraza aýynda biz Mary we Lebap welaýatlarynda ykdysady, medeni-durmuş maksatly desgalary dabaraly açyp, ulanmaga berdik. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde, dünýä medeniýetini ösdürmäge düýpli goşant goşan ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmek, nesilleriň we döwürleriň sazlaşykly arabaglanyşygyny üpjün etmek maksady bilen, gadymy Jeýhun derýasynyň kenarynda ýerleşen Türkmenabat şäherinde häzirki döwrüň talaplaryna we milli binagärlik däplerine laýyk gelýän täze metjidiň düýbüni tutduk. Munuň özi dünýä medeniýetiniň möhüm düzüm bölegine öwrülen ruhy gymmatlyklarymyza, dogruçyllygy, päkligi, bitewüligi dabaralandyrýan däp-dessurlarymyza bolan çuňňur hormatymyzyň aýdyň nyşanydyr. Müňýyllyklaryň dowamynda pederlerimiziň durmuş tejribesi esasynda kemala gelen milli ýörelgelerimize ygrarlydygymyzyň subutnamasydyr.

Mähriban halkymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan we döreden ruhy hem-de maddy gymmatlyklary, durmuş gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän ýörelgeleri, asylly maşgala däpleri, ululara hormat goýmak, ata-enäni sylamak, myhmansöýerlik, lebzihalallyk, adalatly bolmak ýaly ýörelgeler milli terbiýäniň esasyny düzýär. Şu nukdaýnazardan, Bitarap Watanymyzyň çalt depginler bilen ösýän ýurtlaryň hataryna goşulýan taryhy eýýamynda - Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwrebap ylymlara we bilimlere daýanyp, halkymyzyň gadymdan gelýän milli däpleriniň hem-de umumyadamzat gymmatlyklarynyň esasynda bu ugurda ýaş nesillere bilim-terbiýe bermek boýunça alnyp barylýan işler has-da kämilleşdirilýär.

Watansöýüjiligi, gaýduwsyzlygy, paýhaslylygy nusga edinen, halallyga, päklige, dogruçyllyga eýerýän halkymyzyň baý hem-de gadymy mirasy bütin adamzadyň baýlygydyr. Halkymyz hoşniýetlilige ýugrulan ynsanperwer ýörelgelere, dostlukly gatnaşyklara ähli döwürlerde hem uly orun beripdir.

 Türkmenistan özüniň halkara dostlukly hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýär, ählumumy parahatçylygy, abadançylygy we durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmegiň bähbidine dünýä döwletleri bilen gatnaşyklary yzygiderli giňeldýär. Jemgyýetimiziň ruhy-ahlak taýdan sagdyn ösüşini, milletimiziň kämilligini üpjün etmek, adamzadyň in gymmatly däplerini nesilden-nesle geçirmek we dabaralandyrmak, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmak biziň öňümizde durýan esasy wezipeleriň biridir.

Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!

Sizi adamzadyň ýokary medeni, ruhy we ahlak gymmatlyklaryny dabaralandyrýan we baý mazmuna eýe bolan mukaddes Oraza baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Goý, mübärek Oraza aýynyň sahawatly günlerinde hem-de Gadyr gijesinde amal eden ybadatlaryňyz, beren agzaçar sadakalaryňyz, merdana halkymyzyň agzybirligi we abadançylygy, dünýäde abraýy barha belende galýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň asudalygy hem-de rowaçlygy üçin eden doga-dilegleriňiz kabul bolsun!

Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň