Soňky habarlar

Arhiw

2015/2016-njy okuw ýyly üçin Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda talyplyga dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmek başlandy

09:2918.07.2015
0
23019

TÜRKMEN DÖWLET BINAGÄRLIK-GURLUŞYK INSTITUTY

2015/2016-njy okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1.Himiýa tehnologiýasy (hünärler: organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy; eremesi kyn metal däl we silikat materiallaryň himiki tehnologiýasy; aýnanyň we sitallaryň himiki tehnologiýasy).

2. Kompýuter tehnologiýasy (hünärler: maglumatlary işläp taýýarlamagyň we dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlary; önümçiligi we tehnologik prosesleri awtomatlaşdyrmak; maglumat-ölçeg tehnikasy we tehnologiýasy; mikroelektronika we ýarym geçirijili enjamlar; maglumat tehnologiýalarynyň programma üpjünçiligi).

3. Gurluşyk we binagärlik (hünärler: senagat we raýat jaý gurluşygy; ýylylyk, gaz üpjünçiligi we howa çalşygy; suw üpjünçiligi we hapalanan suwlary akdyryş; gurluşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalaryny öndürmek; amaly geodeziýa; binagärlik; awtomobil ýollarynyň we uçuş meýdançalarynyň gurluşygy; köprüler we ulag nagymlary; gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy; şäher gurluşygy we hojalygy, şähergurluşyk we ilatly ýerleri meýilleşdirmek).

4. Tehnologik maşynlar we enjamlar (hünärler: göteriji, äkidiji, gurluşyk, ýol maşynlary we enjamlary; himiýa önümçiliginiň we gurluşyk materiallary kärhanalaryň maşynlary we apparatlary; gara metallaryň metallurgiýasy; metallary basyş bilen işläp taýýarlamak).

5. Energetika (hünärler: elektrik üpjünçiligi; senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektrohereketlendirilişi hem-de awtomatikasy).

6. Pudak kärhanalarynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy (hünärler: gurluşyk pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; durmuş, ýaşaýyş-jemagat we şäher hojalygy kärhanalarynda ykdysadyýet we dolandyryş).

7. Menejment (hünär: logistika (gurluşyk pudagynda));

8. Dizaýn (hünär: dizaýn).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2015-nji ýylyň 11-27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

- bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

- umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

- 3x4 möçberde alty sany fotosurat;

- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

- giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

- şahsy pasportyny;

- Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Aşgabat şäheri — iýul aýynyň 30-31-i, awgust aýynyň 3-i we 5-i günleri 

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 1-2-si, 4-i we 6-sy günleri   

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 7-8-i, 11-i we 13-i günleri 

Mary welaýaty — awgust aýynyň 9-10-y, 12-si we 14-i günleri      

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 15-16-sy, 19 we 21-i günleri 

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 17-18-i, 20-si we 22-si günleri.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

himiýa tehnologiýasy ugry — himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

kompýuter tehnologiýasy ugry — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

gurluşyk ugurly hünärler — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

binagärlik ugurly hünärler — surat we grafika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

tehnologik maşynlar we enjamlar ugry — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

energetika ugry — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

pudak kärhanalarynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy ugry — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

logistika (gurluşyk pudagynda) hünäri — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy.

Dizaýn hünäri — surat we grafika, matematika, Türkmenistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

- saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk önümçilik tejribesi bolanlar;

- harby gullugy tamamlap gelenler.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň salgysy: Aşgabat ş., 1916-njy köçe, 136, «G» okuw binasy; tel.: 41-18-86, 41-18-04.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň