Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň ikinji ýarymynyň geçiş tertibi tassyklanyldy

00:1518.07.2015
0
8270

Türkmenistanyň futbol federasiýasy ýurdumyzyň ýokary ligasynyň klublaryň arasyndaky çempionatyň ikinji ýarymynyň geçiş tertibini tassyklady.

Milli çempionatyň üçünji aýlawy 8-nji awgustda 19-njy tapgyryň şu duşuşyklary bilen başlanar: HTTU — “Balkan”, “Ahal” — “Energetik”. 9-njy awgustda bolsa “Altyn asyr” — “Hazyna”, “Daşoguz” — “Şagadam”, “Merw” — “Aşgabat” duşuşyklary geçiriler.

Üçünji aýlaw 30-njy sentýabrda tamamlanar.

Milli çempionatyň jemleýji dördünji aýlawy 2-nji oktýabrda başlanar.

Häzirki çempion “Altyn asyr” bilen ýurduň Kubogynyň eýesi “Ahalyň” arasyndaky Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşygy 28-nji oktýabrda geçirmek bellenilýär.

Türkmenistanyň futbol boýunça çempionaty 5-nji dekabrda tamamlanar.

Ýaryşyň doly geçiş tertibi bilen bizde LINE arkaly tanşyp bilersiňiz. Biziň toparymyza goşulyň we ähli täzeliklerimizi gözden salmaň!    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň