Türkmenistanyň futbol boýunça Kubogy ugrundaky ýaryşyň bijesi atyldy

0
1178
0
1

Türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň futbol boýunça 24-nji Kubogy ugrundaky ýaryşyň bijesi atyldy. Bu ýyl ýurduň ikinji derejeli klub baýragy ugrunda 11 topar güýç synanyşar. Olaryň onusy ýokary liga, biri bolsa — “Köpetdag” birinji liga wekilçilik edýär.

Bije türkmen futbolunyň öňdebaryjylary üçin o diýen şowly bolmady. Milli çempionatyň birinji ýarymynyň iň gowy üç topary — “Altyn asyr”, “Ahal”, “Balkan” ýaryşda ýokary bölege düşdi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Kubogy — 2015-iň ilkinji finalçysyny “Ahal” — “Balkan” we HTTU — “Altyn asyr” jübütleriniň ýeňijileri emele getirerler. Finala çykmaga ikinji ýollanma bolsa ýedi topar dalaş edýär.

Türkmenistanyň Kubogy — 2015 1-nji awgustda deslapky tapgyryň “Merw” — “Köpetdag” we “Energetik” — “Daşoguz” duşuşyklary bilen başlanar. Bu toparlaryň arasyndaky jogap duşuşyklar 4-nji awgustda geçiriler. Bu jübütleriň ýeňijileri 12-nji hem 19-njy awgustda özara güýç synanyşarlar we ýeňiji topar çärýek finalda Türkmenbaşynyň “Şagadamyna” çykar. 12-nji we 19-njy awgustda geçiriljek beýleki çärýek final oýunlarynda “Ahal” — “Balkan”, HTTU — “Altyn asyr”, “Hazyna” — “Aşgabat” duşuşar.

Ýarym finallary 24-nji we 31-nji oktýabrda geçirmek bellenildi. Geçiriljek ýeri heniz näbelli bolan final duşuşygy bolsa 15-nji dekabrda geçiriler.     

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru