Soňky habarlar

Arhiw

“Türkmenportal” “sport temasyndan iň gowy surat” bäsleşigini yglan edýär

15:5717.07.2015
0
7406

“Türkmenportal” saýtynyň redaksiýasy “Sport temasyndan iň gowy surat” atly täze bäsleşigiň başlanýandygyny yglan edýär. Bäsleşige gatnaşyjylar sporta degişli gyzykly pursat şekillendirilen öz şahsy suratlaryny şu salgynyň: https://line.me/ti/p/%40xlz6070a administratoryna hat ýa-da şu poçta boýunça: konkurs@turkmenportal.com iberip bilerler.

Bäsleşigiň geçirilýän wagty:

Suratlar 18-nji iýuldan 24-nji iýula çenli kabul ediler. Ýeňijileri “SPORT TÜRKMENPORTAL” LINE –daky toparyň okyjylary özleri kesgitlärler. Iň köp “Laýk” toplan suratlaryň awtorlary ilkinji bäsleşigiň ýeňijisi bolarlar.

Ses berişlik 24-nji iýuldan 30-nji iýula, Aşgabat wagty bilen sagat 16.00-a çenli geçiriler.

Şertleri:

  • her gatnaşyjydan bir surat kabul edilýär;
  • haýyşnamada awtor adyny we familiýasyny görkezmeli;
  • her surata teswirleme ýazmak hökmanydyr (bir sözlem);
  • internetden alnan suratlar, kadrlar, şeýle hem teswirlemesi bolmadyk suratlar bäsleşige kabul edilmeýär;
  • redaksiýa gatnaşyjylar tarapyndan iberilen suratlary alyp galmak hukugyna eýedir.

Haýyşnamanyň nusgasy:

Siziň suratyňyz;

adyňyz we familiýaňyz: Selim Bäşimow;

teswirleme: Haçan-da, “Ahal” futbol toparymyza janköýerlik edeniňizde ýüze çykan üýtgeşik ýagdaý.

 

Baýrak gaznasy:

Birinji orun — 180 manat

Ikinji orun — 130 manat

Üçünji orun — 100 manat

Dördünji orun — 70 manat

Bäşinji orun — 50 manat

Utuş gatnaşyjylaryň — baýrak eýeleriniň telefon belgisine geçiriler.

Sowallar bilen “SPORT TÜRKMENPORTAL” topar administratoryna https://line.me/ti/p/%40xlz6070a  ýa-da konkurs@turkmenportal.com poçta arkaly ýüz tutup bilersiňiz.    

  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň