2015/2016-njy okuw ýyly üçin S.A. Nyýazow adyndaky türkmen oba hojalyk uniwersitetinde talyplyga dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmek başlandy

0
1529
2
0

S.A.NYÝAZOW ADYNDAKY TÜRKMEN OBA HOJALYK UNIWERSITETI

2015/2016-njy okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Agronomçylyk (hünärler: agronomçylyk; ýüpekçilik; agrohimiýa we topragy öwreniş; bagbançylyk, miweçilik we gök ekerançylyk; ösümlikleri goramak; tokaý we seýilbag hojalygy; oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy).

2. Maldarçylyk we weterinar lukmançylygy (hünärler: weterinar lukmançylygy; maldarçylyk; atçylyk).

3. Gidromeliorasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasy (hünärler: gidromeliorasiýa; ýer ulanyş; oba hojalygyny mehanizmleşdirmek; melioratiw işleri mehanizmleşdirmek; oba hojalygy (inžener-mugallymlary taýýarlamak)).

4. Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy (hünärler: miwe-gök önümlerini gaýtadan işlemek; et-süýt önümlerini gaýtadan işlemek; dänäni gaýtadan işlemek; pagtanyň ilkinji işlenilişi; ösümlik ýagyny öndürmek).

5. Dokma we ýeňil senagat önümleriniň tehnologiýasy (hünärler: mata önümçiligi; tikinçilik önümçiliginiň tehnologiýasy; tebigy süýümleri egirmek).

6. Pudak kärhanalarynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy (hünär: oba hojalygynyň ykdysadyýeti).

7. Ykdysadyýet we hojalyk hukugy (hünär: oba hojalygynda buhgalter hasaby we audit).

8. Kompýuter tehnologiýasy (hünär: oba hojalygynda maglumat ulgamlary).

Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2015-nji ýylyň 11-27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

- bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

- umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

- 3x4 möçberde on iki sany fotosurat;

- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

- giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

- şahsy pasportyny;

- Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Lebap welaýaty — iýul aýynyň 30-31-i, awgust aýynyň 3-i we 5-i günleri        

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 1-2-si, 4-i we 6-sy günleri

Mary welaýaty — awgust aýynyň 7-8-i, 11-i we 13-i günleri  

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 9-10-y, 12-si we 14-i günleri 

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 15-16-sy, 19-y we 21-i günleri     

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 17-18-i, 20-si we 22-si günleri    

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

agronomçylyk, maldarçylyk we weterinar lukmançylygy ugurlary — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

gidromeliorasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasy, kompýuter tehnologiýasy ugurlary — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;

oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy ugry — fizika, himiýa, Türkmenistanyň taryhy;

dokma we ýeňil senagat önümleriniň tehnologiýasy ugry — fizika, himiýa, Türkmenistanyň taryhy;

pudak kärhanalarynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, ykdysadyýet we hojalyk hukugy ugurlary — matematika, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

- harby gullugy tamamlap gelenler;

- soňky 2-3 ýylyň dowamynda ýokary netijeler gazanan we etrap häkimligi tarapyndan degişli hünärlere hödürlenen kärendeçiler we mülkdarlar.

S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., 2009-njy (Görogly) köçe, 143; tel.: 34-27-46, 34-07-77,

34-25-64, 34-26-52.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru