“Gazprom” kompaniýasynyň Türkmenistanda çekýän maliýe kynçylyklarynyň sebäpleri az däl

0
1149
12
1

“Gazprom” kompaniýasynyň Türkmenistanda çekýän maliýe kynçylyklarynyň sebäpleri az däl. Ukrainada bolan gapma-garşylyk netijesinde Russiýa garşy girizilen çäklendirmeler bu sebäpleriň diňe biridir. Hakykatda welin, sebäpler az däl. Bu barada çarşenbe güni ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň öňki kömekçisi, ýurduň Azerbaýjandaky öňki ilçisi, Tallindäki Halkara goranmak barlaglary merkeziniň direktory Metýu Braýza Trende beren beýanatynda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bilermenleriň we gözegçileriň belleýişleri ýaly, “Gazprom” “Demirgazyk akymy” we “Türk akymy” ýaly bähbitsiz taslamalaryň birnäçesine çekildi we serişde baryny ýitirdi.

“Açyklygyň-aýdyňlygyň ýoklugy “Gazprom” üçin ýene bir kynçylyk döredýän mesele bolup durýar. Kompaniýadan gelýän girdejileriň agramly bölegini Russiýanyň hökümeti açyk-aýdyň esasda peýdalananok. Mundan başga-da, “Gazprom” durmuş taýdan goldaw hökmünde gazy Russiýa boýunça özi üçin amatsyz bahadan satmaly, munuň öwezini bolsa daşary ýurtlara satylýan gazyň hasabyna doldurmaly bolýar. Bu ýagdaýlaryň özi “Gazproma” girdejili kompaniýa bolmaga päsgel berýär” — diýip, Braýza aýdýar.

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy teswirlemek bilen, bilermen Aşgabadyň Moskwa üçin esasy hyzmatdaş bolandygyna garamazdan, iki ýurduň hem birnäçe ýyl bäri çylşyrymly gatnaşyklarda bolandygyny belleýär.

“2010-njy ýyldan bäri, hatda ondan hem öň Türkmenistan gazy eksport etmek meselesinde Russiýa garaşly bolmagy çäklendirmek üçin yhlas baryny edýär. Biz eýýäm Türkmenistanyň gazyň agramly bölegini Hytaýa iberýändigini we bu ýagdaýyň has ösdüriljekdigine gözegçilik edip bileris. Şeýle hem Türkmenistan öz gazyny Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa ugratmaga synanyşar diýip pikir edýärin” — diýip, Braýza aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Russiýa satyn alnan gaz üçin Türkmenistana köp ýyllap tölemedi.

“Russiýa şertnamany köp ýyllaryň dowamynda bozdy. Haçan-da, kimdir biri özüni şeýle alyp barsa, oňa bolan ynam gaçýar. “Gazproma” Türkmenistana özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezmek indi kyn bolar. Bolup biläýjek  zat, “Gazprom” öz täsirini ýitirer we “Statoiliň”, “BP-niň” ýa-da “Shelliň” edişi ýaly, daşary ýurt kompaniýalary bilen bäsdeşlik etmäge mejbur bolar. Eger “Gazprom” bazarda agalyk etmek maksady bilen bäsdeşlik etse, kompaniýa has netijeli hem-de daşary ýurtlar, halkara kompaniýalary, şeýle hem Russiýanyň halky üçin iň gowy hyzmatdaş bolar, çünki ol has ýokary hilli hyzmatlara eýe bolar” — diýip, Metýu Braýza belledi.

Anahanum Hidaýatowa. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru