Soňky habarlar

Arhiw

2015/2016-njy okuw ýyly üçin Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda talyplyga dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmek başlandy

16:4316.07.2015
0
19624

TÜRKMEN DÖWLET YKDYSADYÝET WE DOLANDYRYŞ INSTITUTY

2015/2016-njy okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär

1. Ykdysadyýet we hojalyk hukugy (hünärler: ykdysadyýet we hojalyk hukugy; maliýe hukugy; buhgalter hasaby we audit; statistika; ykdysady howpsuzlyk).

2. Menejment (hünärler: menejment; ykdysadyýetde we dolandyryşda maglumat ulgamlary; dünýä ykdysadyýeti; kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyryşy; döwlet we ýerli dolandyryş; halkara maglumat işewürligi; makroykdysadyýet; ykdysady kibernetika).

3. Kompýuter tehnologiýasy (hünär: awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň we kompýuter tehnikasynyň programma üpjünçiligi).

4. Marketing (hünärler: marketing; zähmetiň ykdysadyýeti we bazary; hili dolandyrmak; ilatyň durmuş üpjünçiligini guramak; harytşynaslyk we harytlaryň ekspertizasy; jemgyýetçilik iýmitini guramak; täjirçilik).

5. Halkara işewürligi we menejment (hünärler: dünýä maliýe bazary; maliýe menejmenti).

6. Maliýe işi we karzlar (hünärler: pul dolanyşygy we karz; gymmatly kagyzlaryň bazary; baha kesmek işi).

Instituta umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2015-nji ýylyň 11-27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

- bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

- umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

- 3x4 möçberde alty sany fotosurat;

- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

- giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

- şahsy pasportyny;

- Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

  • Lebap welaýaty — iýul aýynyň 30-31-i, awgust aýynyň 3-i we 5-i günleri        
  • Balkan welaýaty — awgust aýynyň 1-2-si, 4-i we 6-sy günleri
  • Mary welaýaty — awgust aýynyň 7-8-i, 11-i we 13-i günleri  
  • Ahal welaýaty — awgust aýynyň 9-10-y, 12-si we 14-i günleri        
  • Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 15-16-sy, 19-y we 21-i günleri    
  • Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 17-18-i, 20-si we 22-si günleri        

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

ykdysadyýet we hojalyk hukugy; menejment; marketing; halkara işewürligi we menejment; maliýe işi we karzlar ugurlary - matematika, Türkmenistanyň taryhy, geografiýa;

awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň we kompýuter tehnikasynyň programma üpjünçiligi hünäri - matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

- ykdysady hünärler boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

- harby gullugy tamamlap gelenler.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň salgysy: Aşgabat ş., 1972 (Atatürk) köçesi, 73;

tel.: 48-62-71, 48-62-76.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň