Türkmen gimnastikaçylary Türkiýede geçirilen halkara ýaryşynda bürünç medallaryň dördüsine mynasyp boldular

0
929
4
0

Türkmenistanlylar meşhur türk gimnastikaçysy, dünýäniň we Ýewropanyň çempiony Myrat Çanbaşa bagyşlanyp geçirilen sport gimnastikasy boýunça 2-nji halkara ýaryşynda bürünç medallaryň dördüsini gazandylar. Biziň watandaşlarymyz ýaşlar toparynyň ikisinde – 12 ýaşdan 16 ýaşa çenli aralykda tapawutlanmagy başardylar. 

Ýaryşlar Türkiýäniň Bolu şäherinde geçirildi. Bu ýere Türkmenistandan, Saud Arabystanyndan, Irakdan, Tunisden, Serbiýadan türgenleriň 80-si we ýer eýeleriniň birnäçe toparlary ýygnandylar. Biziň ýurdumyzdan gimnastikaçylaryň 6-sy gatnaşdy, olaryň dördüsi hormat pýedestaly üçin özlerine ýoly açmagy başardylar. 
Kiçi ýaşly toparda sport gimnastikasynyň alty ugrynyň – eliňi diräp bökmek, parallel pürslerde, halkada, kon-mahede, perekladinada edilýän maşklar we erkin maşklar - netijeleri boýunça bürünç medala eýe bolan Ramazan Hasanow tapawutlanmagy başardy. Şeýle hem ýaryşyň dört görnüşi boýunça - eliňi diräp bökmekde, dürli beýiklikdäki pürslerdäki maşklar, pürsde we erkin maşklar boýunça çykyş eden Sogdap Berdiýew tapawutlandy. Gimnastikanyň şol dört görnüşi, ýöne 16 ýaşa çenlileriň arasyndaky bäsleşikde hormatly üçünji orna Türkmenistandan Lýubow Sarkowa we Maýsa Kulyýewa galmagy başardylar. 
Serdar Ýollyýewiň ýolbaşçylygynda türgenleşýän R.Hasanow Türkmenabat şäheriniň (Lebap welaýaty) 5-nji ýöriteleşdirilen sport mekdebinde türgenleşýär. Gyzlaryň üçüsi – Nargiz Joraýewanyň elinde tälim alýan gyzlaryň üçüsi şäher sport komitetiniň Aşgabat sport mekdebinde okaýarlar. 
Türkmenistanyň Gimnastika federasiýasynyň başlygy Döwran Çagylowyň aýtmagyna görä, halkara derejesindäki ýaryşlarda şular ýaly üstünligiň gazanylmagy material-tehniki binýadynyň gowulandyrylmagy, halkara okuw-türgenleşik okuwlarynyň yzygiderli geçirilmegini netijesi bolup durýar diýip, düşündirýär. Şeýlelikde türkmen gimnastikaçylary Gazagystanyň we Belarusyň iň gowy sport bazalarynda ýygy-ýygydan bolýarlar. 
Türkmenistanyň Gimnastika federasiýasy bary-ýogy 3 ýyl mundan ozal işläp başlady. Geçen ýylyň dekabr aýynda Katarda bolup geçen gimnastikaçylar Birleşmesiniň nobatdaky Aziýa Kongresinde Türkmen federasiýasyny bu halkara guramasynyň doly hukukly agzasy hökmünde biragyzdan ykrar etdiler. Bu biziň türgenlerimize aziýa derejesindäki ýaryşlaryň ählisine gatnaşmaga ýoly açdy. Meselem, şu ýylyň sentýabr aýynda Hytaýyň Hanjou şäherinde akrobatika boýunça Aziýanyň çempionaty geçirilýär. Onda Türkmenistanyň ýygyndy toprynyň çykyşy meýilleşdirilýär. Şeýle hem sentýabr aýynda Stambulda sport gimnastikasy boýunça «Bosphoros» kubogyny almak boýunça iri halkara ýaryşy geçiriler. Türkmen gimnastikaçylary bu jogapkärli ýaryşlaryň öňüsyrasynda belarusyň “Staýki” sport toplumynyň binýadynda halkara okuwlaryny geçmegi meýilleşdirýärler.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru